3-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistan bilen Gruziýa Respublikasynyň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygyna bagyşlanan «Hazary kesip geçýän Gürjistanyň aýdym-saz gijesi» atly baýramçylyk konserti geçirildi.
Konserte medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, diplomatlar, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar.

Dabara «Ilkinji söýgi» atly gruzin operasy bilen açyldy. Soňra «Ganacheni» filminden alnan parçalar myhmanlary 50-nji ýyllaryň ahyryna gaýybana syýahata alyp gitdi.
Konsertde Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde gruzin kinolarynyň sazlary bilen birlikde, wokal-horeografik çykyşlar hem ýerine ýetirildi. Gruzin filmleriniň arasynda meşhur «Data Tutashkhia» kinosyndan parçalaryň ýaňlanmagy aýratyn şowhunly el çarpyşmalar bilen alkyşlandy.
Solistler Maýsa Niýazowanyň hem-de Mansur Şaripowyň ýerine ýetiren gruzin halkynyň medeniýetini we baý taryhyny wasp edýän aýdymlary oňa gatnaşyjylarda baýramçylyk ruhuny döretdi. Aýratynam, olaryň Rewaz Lagidzeden «Tbiliso — Hymm to Tbilisi» hem-de Aleksandr Basilaýadan «Argo» aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirmekleri köpçüligiň gyzgyn alkyşyna mynasyp boldy.
Sungat ussatlarynyň çykyşlary konsert zalyny aýratyn öwüşgin bilen gurşap aldy. Bu ýere gelen myhmanlar dabaraly konsertden lezzet aldylar.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Gruziýa Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen bu çäre iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygyna mynasyp sowgat boldy.
