Şu gün
Aşgabat
25 °C
Ertir
Aşgabat
25 °C
Birigün
Aşgabat
25 °C
2021октябрь
DU
SI
CA
PE
AN
SE
YE
26
27
28
29
30
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
1
2
3
4
5
6
Today
Aşgabat
25 °C

Sazlamalar

Diller

TM

Aşgabadyň waspçylary sylaglandy

SalamNews
Jemgyýet / Medeniýet

Şu gün — 19-njy sentýabrda «Gül zemin» söwda-dynç alyş merkezinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäher häkimligi bilen «Aşgabat» teleýaýlymynyň bilelikde yglan eden «Aşgabat — dizaýn şäherim» atly wideorolikleri taýýarlamak, şeýle-de «Aşgabat» gazetiniň redaksiýasy, Aşgabat şäher häkimligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi tarapyndan makalalar, goşgular hem-de fotosuratlar boýunça yglan edilen «Arkadagyň sungaty sen — Aşgabat» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy.

Bäsleşikleriň hersine 200-e golaý iş hödürlendi. Fotosuratlarda we wideoroliklerde türkmen paýtagtynyň şu günki ajaýyp keşbi täsirli şekillerde beýan edildi we bu ugurda iň gowy surata düşürilen wideoroliklerdir fotosuratlar saýlanyp alyndy. 

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, 7 sany ýeňiji yglan edildi:

Makalar boýunça:

  • «Aşgabat» gazetiniň jogapkär kätibi Oguljennet Paşşykowa.

Fotosuratlar boýunça:

  • «Türkmenistan» gazetiniň fotohabarçysy Ilaman Çüriýew.

Goşgular boýunça:

  • Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyň uly mugallymy Osmanberdi Gurbangeldiýew.

Wideorolikleri taýýarlamak boýunça:

  • 1-nji orun — «Türkmenistan sport» teleýaýlymynyň režissýory Ogulsenem Ataýewa;

  • 2-nji orun — «Altyn asyr: Türkmenistan» teleýaýlymynyň režissýory Söhbet Aşyrow;

  • 3-nji orun — «Aşgabat» teleýaýlymynyň režissýory Rustam Ruzmetow.

Höweslendiriji baýrak — «Türkmen owazy» teleýaýlymynyň bölüm müdiri Ýakup Sähetmyradow.

Aşgabadyň waspçylary sylaglandy

Ýeňijilere ýurdumyzda öndürilen 32 dýuýmlyk telewizorlar we Hormat hatlary gowşuryldy.

Aşgabadyň waspçylary sylaglandy

Dabaranyň dowamynda gatnaşyjylara şowhunly aýdym-sazlar we folklor çykyşlary görkezildi.

Aşgabadyň waspçylary sylaglandy

Iň täze habarlar

Maňlaýyňda bar gasyn...

3-nji oktýabrda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Sarpasy belent ýaşulular» atly ýaşululara bagyşlanan eserleriň sergisi açyldy.
SalamNews

Reper Kanye West Parižde gizlin lybas görkezilişini guraýar

Amerikaly meşhur reper Kanye West düýn «Balenciaga» ady bilen ýaz-tomus kolleksiýasynyň görkezilişini açdy.
SalamNews

Kalby ýazly, ylhamy daşgynly şahyr Gurbanýaz Daşgynowy ýatlap

Şu gün — şahyr Gurbanýaz Daşgynowyň doglan güni.
Ogulnur Pirjikowa. «SalamNews».