Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Türkmenistanda ýazky bag ekmek möwsümi badalga aldy

SalamNews
Jemgyýet / Ekologiýa

Şu gün ýurdumyzda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi. Bu özboluşly ekologik çäre paýtagtymyzyň ilersinde, dag etegindäki ajaýyp künjekde geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

Ählihalk bag ekmek dabarasynyň badalga beriljek ýerinde döwlet Baştutanyny çärä gatnaşyjylar mähirli garşyladylar. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň joşgunly aýdym-sazly çykyşlary dabara gatnaşyjylaryň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýanyna ýaş nesliň wekili baryp, bag ekmek dabarasyna ak pata bermegi haýyş etdi. Döwlet Baştutany ilkinji agaç nahalyny oturtmak bilen, ýazky bag ekmek möwsümine ak pata berdi. Çärä gatnaşyjylar hem bu asylly däbe eýerdiler. Ählihalk bag ekmek dabarasy daşary ýurtly wekilleri-de özüne çekip, ýyl-ýyldan ýurdumyzyň durmuşynda uly ähmiýetli waka öwrülýär. Oňa Diýarymyzyň sebitleriniň ýaşaýjylary hem uly ruhubelentlikde goşuldylar.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek we tokaý zolaklarynyň çägini giňeltmek maksady bilen, şu ýyl dürli baglaryň we üzümiň jemi 3 million düýbüni ekmek göz öňünde tutulýar. Şol nahallaryň 1,5 million düýbi şu gezekki ýazky bag ekmek möwsüminde oturdylar.

Şu gün köpçülikleýin bag ekmek dabarasy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň çäginde hem ýaýbaňlandyryldy. 

Iň täze habarlar

Türkiýä ynsanperwerlik kömeginiň täze tapgyry ugradylar

25-nji marta geçilýän gije Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti Türkiýä ynsanperwerlik kömeginiň täze tapgyryny ugradar.
SalamNews

«Aşgabat» seýilgähinde fortepiano sazlarynyň agşamy geçiriler

7-nji aprelde sagat 19:00-da «Aşgabat» seýilgähindäki Medeniýet merkeziniň konsert zalynda fortepiano sazlarynyň agşamy geçiriler.
SalamNews

Jeremi Skott «Moschino-nyň» döredijilik müdiri wezipesinden aýryldy

Dünýä belli brendlerde işgärler düzümini üýtgetmek tolkuny dowam edýär. Golaýda «Moschino» brendiniň döredijilik müdiri Jeremi Skott hem wezipesinden aýrylýandygyny mälim etdi. 
SalamNews