Sazlamalar

Diller

TM

Gazagystan Türkmenistan bilen ekologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmek isleýär

SalamNews
Jemgyýet / Ekologiýa
Gazagystan Türkmenistan bilen ekologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmek isleýär

Gazagystanyň ekologiýa we tebigy baýlyklar ministri Ýerlan Nysanbaýew BMG-niň ýabany haýwanlaryň göçüp-gonup ýören görnüşlerini gorap saklamak baradaky Konwensiýanyň 14-nji mejlisinde (COP 14) eden çykyşynda Respublikanyň Türkmenistan, Özbegistan we Gyrgyzystan bilen ekologiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etdirmäge gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi. Bu barada «Kazinform» habarlar agentligi tarapyndan berlen habarda aýdylýar.

Bu maslahatda haýwanlaryň Gyzyl kitaba girizilen görnüşlerini, şol sanda saýgaklary, gar barslaryny we beýlekileri gorap saklamagyň meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Forumyň umumy mejlisine gatnaşan wise-ministr Nurken Şarbiýew ýabany süýdemdirijileriň goralýan ýerleri, olaryň erkin göçmegi boýunça serhedara hyzmatdaşlyk meseleleri barada belläp geçdi.

Samarkant şäherinde geçirilýän halkara ekologiýa maslahaty 17-nji fewrala çenli dowam eder. Oňa Bonn Konwensiýasyna gatnaşyjy ýurtlardan hem-de halkara guramalardan 1,7 müň wekiliň gatnaşýandygyny bellemelidiris.

Iň täze habarlar

Amerikaly sungat ussatlary Türkmenistanda konsert bererler

Daşary ýurtly sungat ussatlary 8 — 15-nji aprel aralygynda Aşgabat we Daşoguz şäherlerinde türkmen toparlary bilen bilelikde çykyş ederler.
SalamNews

«Hünärim bar – hormatym bar»: Ulag we kommunikasiýalar toplumynda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň bäsleşigi jemlendi

«Ak altyn» myhmanhanasynyň restoranynda Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýalar agentliginde zähmet çekýän gelin-gyzlaryň arasynda «Hünärim bar – hormatym bar» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.
SalamNews

Şu hepdäniň dowamynda az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty bilen tanyş boluň!
SalamNews