Şu gün
Aşgabat
-2 °C
Ertir
Aşgabat
-2 °C
Birigün
Aşgabat
-2 °C
2021октябрь
DU
SI
CA
PE
AN
SE
YE
26
27
28
29
30
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
1
2
3
4
5
6
Today
Aşgabat
-2 °C

Sazlamalar

Diller

TM

Syýahat adamlary demensiýadan halas edýär. Nädip?!

SalamNews
Jemgyýet / Durmuş
Syýahat adamlary demensiýadan halas edýär. Nädip?!

Awstraliýaly we hytaýly alymlar syýahatçylygyň demensiýa keselini bejermekde oňyn täsiriniň bardygyny öwrendiler. Syýahat wagtynda başdan geçirilen ýakymly duýgular adama bejeriji täsir ýetirýär we demensiýa bilen baglanyşykly näsazlyklary ýeňip geçmäge kömek edýär.

Syýahat terapiýasynyň saglygy goraýşa täsirini öwrenmek Hytaýyň Şandun lukmançylyk ylymlary akademiýasynyň we  Fudan uniwersitetiniň, şeýle-de Awstraliýanyň Edit Kouen we Kertin uniwersitetiniň alymlaryna başartdy. Alymlar öz gözlegleriniň netijelerini «Tourism Management» žurnalynda köpçülige hödürlediler.

Demensiýa keseliniň sindromy pikirlenmegiň, ýadyň we gündelik işleri ýerine ýetirmek ukybynyň peselmegi esasynda ýüze çykýar. Bu kesel, köplenç, garry adamlarda gabat gelýär. Ýöne bu keseli garrylyga mahsus kesel diýip hasap etmek nädogrudyr.

Demensiýanyň irki alamatlary:

  • Diýesiň gelýän sözi  tapmakda kynçylyk çekmek;

  • Howsala, was-waslyk;

  • Şahsyýetiň üýtgemegi;

  • Keýpiň üznüksiz üýtgemegi, depressiýa;

  • Duran ýeriňi we wagty seljerip bilmezlik;

  • Gyzyklanmalara höwesiňi ýitirmek.

Syýahat adamlary demensiýadan halas edýär. Nädip?!

Şeýle-de alymlar syýahatçylygyň, hakykatdanam, demensiýa bilen baglanyşykly näsazlyklara oňyn täsir edýändigini ylmy edebiýatlary seljermek arkaly hem anykladylar. Çünki syýahat eden wagtynda adam beýnä peýdaly täsir edýän köp sanly täze ýakymly duýgulary başdan geçirýär. Bu bolsa, öz gezeginde, duýgurlygy we aň-düşünjäni höweslendirýär we täze şertlere uýgunlaşmak üçin beýnini güýçlendirilen tertipde işlemäge mejbur edýär.

Mundan başga-da, alymlar fiziki maşklaryň akyl sagdynlygyna gowy täsir edýändigi sebäpli, syýahat saparlarynda adamlaryň köp hereket edýändikleriniň hem demensiýanyň öňüni almak üçin peýdalydygyny bellediler. Adatça, syýahat wagtynda topar bolup naharlanmagyň şeýle näsaglaryň iýmitlenişine oňyn täsir edýändigi-de bellärliklidir.

Eger-de syýahat döwrüniň, köplenç, açyk howada ýa-da deňizde suwa düşmek bilen geçirilýändigini göz öňünde tutsaň, onda adam beýle ýagdaýlarda diňe bir psihologik rahatlygy gazanman, eýsem serotoninden we D witamininden hem geregiçe kuwwatlanýar. Hut şonuň üçinem, lukmançylyk tejribesinde syýahatçylygy diňe göwün açmak hökmünde kabul etmän, onuň adamyň psihologik we fiziki abadançylygynyň ýokarlanmagynda hem uly täsiriniň bardygy nazara alynmalydyr.

Syýahat adamlary demensiýadan halas edýär. Nädip?!

Iň täze habarlar

Bitaraplygyň simfoniýasy diňleýjilere ruhy lezzet berer

12-nji dekabrda «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde «Bitaraplygyň simfoniýasy» atly konsert agşamy geçiriler.
SalamNews

Fransuz medeniýetini söýüjiler üçin täzelik

Golaýda Aşgabatdaky Fransuz institutynda medeni çykyşlary, ussatlyk sapaklaryny geçirmek üçin teatr, gepleşik klublary açyldy.
SalamNews

Adamlar bilen sögüşmeli däl ýa-da jedelde sögüşmezligiň 4 usuly

Her bir adam ganynyň gyzmagy bilen ýakynlary, ýanýoldaşy, halaşýany, dost-ýarlary bilen söwüşip biler. Şeýle ýagdaýda islendik adam bilen jedelleşen wagtyňyz birnäçe düzgünlere eýerseňiz, gatnaşyklaryňyzy kadaly ýagdaýda saklap bilersiňiz.
SalamNews