Bangladeşde gizlenpeçek oýnap ýörkä bir konteýnerde gizlenen 15 ýaşly oglanjygyň başdan geçirmeleri Malaýziýada tamamlandy. «India Times-da» habar berlişine görä, ol konteýnerde 6 gün aç-suwsuz galypdyr.
Bangladeşiň portundaky işgärleriň hiçisi konteýneriň içinde oglanjygyň bardygyny aňmandyr we ony ýük gämisine ýükläpdirler. Şeýlelikde, oglanjygyň durmuşynda «Zöhre-Tahyr» dessanyny ýatladýan wakalar bolup geçipdir.
Malaýziýanyň «Port Klang» portunyň işgärleri Bangladeşden konteýnerleri düşürip durkalar olaryň birinde çaganyň bardygyny anykladylar. Olar bu çagajygy ogurlykdyr öýdüp, ilki polisiýa, ýarawsyz ýatan soň hem «Tiz kömege» habar beripdirler. Emma hukuk goraýjy edaranyň işgärleri bilen söhbetdeşlikde Fahim oýna gyzygyp, konteýnerde uklap galandygyny aýtdy.
Habarda bellenişine görä, häzir oglanjygyň ýagdaýy gowy. Ony tiz wagta Watanyna ugradarlar.
