
Meşhur aktrisa we model Peris Hilton bilen onuň adamsy Karter Reum ilkinji gezek ene-ata bolmak bagtyna eýe boldular. Maşgalada ogul perzent dünýä indi. Çaga haýsy at dakylandygy entek belli däl.
Peris Hilton öz sosial torlarynda ene bolandygyny aňladýan çagajygyň eli düşürilen suraty paýlaşdy we suratyň aşagyndan:
— Biz seni eýýämden şeýle bir söýýäris welin, ony söz bilen aýdar ýaly däl — diýip ýazdy.
Bagtyýar aktrisa «People» hepdelik žurnalynyň habarçysyna beren interwýusynda: «Men elmydama ene bolmak isleýärdim we Karter bilen biri-birimize duşanymyz üçin juda bagtly. Biz maşgala gurandygymyza şeýle bir begenýäris welin, öz perzendimize bolan söýgimizden ýaňa ýüregimiz joşup dur» diýip, tolgundyryjy täzeligiň özlerine eden ýakymly täsirini beýan etdi.
Ýeri gelende bellesek, Peris Hilton öňki interwýularynyň birinde, eger ogul perzendi bolsa, onda oňa London adyny dakjakdygy barada aýdypdy.