
«Durmuş syrly, täsin, hiç bir zady öňünden bilip bolanok» diýip, elli iki käkelesegem, öz käbir bolşumyz ýadymyza düşse, güljegiňem bileňok, gynanjagyňam.
Täze köýnek alyp, onam «Entek däl, nesip bolsa, soň bir gün geýerin» diýip, özümizden gysganyp, aýap ýörşümiz ýa-da nirädir bir täsin, gözel ýerlere gitmäge, gezelenç etmäge ýagdaýymyz doly ýetip dursa-da, «Bor-la, bu ýyl däl, indiki ýyl giderin» diýip, özümize Hak tarapyn «Al, ýaşa! Özem lezzetli hem manyly ýaşa!» diýip berlen süýji ömrüň bir aýyny, belki-de, tutuş bir paslyny ýüregimizdäki bitäýse-de bolup duran arzuwlaryň wysalyna ymsyndyryp geçirişimiz, hälki, durmuşy syrly hem täsin saýyp oturan akylly kişiniň etjek işine meňzeşmikä?!..
Aslynda, durmuş reňbe-reň, ýöne ol käte-käte nämüçindir bizi ýokardaky ýaly oýlara iterip, solak, birsyhly, ähli günler biri-birine meňzeş ýaly duýulýar. Ýogsa, günler biri-birine meňzär ýaly, hatda ýene birnäçe minutdanam biz bilen nähili täsin ýagdaýyň bolup geçjekdigini bilemzok ahyry! Onda näme, dogup-döreýşi keramata çalymdaş ynsan, täsinligiň, gudratyň güýjüne ynanyp bilmez derejede küteläýýärmi?! Biz beýle biparhlygyň sebäbini nireden gözlemeli?! Elbetde, öz içimizden, kalbymyzdan, ýüregimizden...
Pygamberimiziň «Ilki niýet, soňra amal» diýşi ýaly, ähli zat ýagşy niýetden başlanýar.
Niýet bolsa içiňde, has dogrusy, ýüregiňde döreýär. Ýaramaz duýgularyň ýürekde döräp öç alşynyň geňligini diýsene! Olar niredendir bir ýerden, haýsydyr bir kindiwanja ýaramazlygyň — ýerliksiz sözüň, bigelşik hereketiň netijesinde tüweleýläp gelýär-de, seniň içiňde uly bir harasada öwrülesi gelip dur. Ýöne ýagşy sözleriň, ýakymly hereketleriň esasynda döreýän şeýle duýgular welin, edil çyg odunyň ýanjak bolşy ýaly... Hatda öz-özüňi içden yzarlap otursaň, şeýle bir ýagdaýlaryň üstünden barýarsyň: seniň gaşyňda süýji dilli biri hut ertekä çalymdaş zatlary gürrüň berip otyr. Sen onuň bir sözüne ynansaň, onusyna, a belki, kyrkysyna ynanaňok. Göwni üçin «Hä, hawa» diýip otyrsyň. Belki şol wagt seniň ýüregiň oňa ynanasy, şol ynamyň neminden suwlanasy, seniň gursagyňda güle dönüp paşyrdap açylasy gelýändir. A sen bolsa, ol ynamy bokurdagyňdan aşak geçireňok. Diňe dilde «Hä, hawa»... Goý, ol sözleriň ýary dogry bolaýsyn, saňa ýarym erteki, ýarym çyna ynanmaga näme päsgel berýär?! Ýaman zada ynananyňdan, ýagşy zada ynananyň gowy dälmi nä?!

Mysaly daşdan gözläp oturjak däl, çagakaň dünýäni duýşuň bilen, häzir belli bir ýaşy arka atanyňdan soňky duýjak bolşuň deň däl.
Ýadyma düşýär, çagakam durmuşyň meniň üçin täsinliginden ýaňa «Hemme adamlary gujaklap biler ýaly çaltrak ulalsamdym. Olaryň hemmesine özümi gowy gördürip, kömek etsedim» diýen ýaly arzuwlary edýärdim.
Daşary ýurtly ýazyjylaryň biriniň dünýäni öz bolşy ýaly ajaýyp görnüşde diňe çaganyň duýup bilýändigi, mümkin bolsa, özümiziň çagalyk duýgularymyza ýygy-ýygydan gaýdyp gelip durmalydygymyz hakyndaky ýazan iňňän täsirli eserini okap, pikir edýän, eger men çagakam şeýle arzuwlary eden bolsam, çaganyň dünýäni duýup bilşem hakyky bolsa, diýmek, meniň arzuwlarymdaky mähre teşne adamlaryň, kömege mätäç adamlaryň bardygy dogry bolmaly. Ine, şol adamlar bar hem diýeli, ýöne şol men hany?! Men öz-özümi ýitiripdirinmi?!
Aýny bolmasa, «bäş günlük dünýä» diýmäge öwrenişipdiris. Dünýä bäş günlük bolsa, onda bu hallyň-sallyňlar näme?! Düýn elimiz degmän görüp bilmedik ýerlerimiz çar tarapdan bize seredişip otyrlar, ol ýerlerde bolsa müňlerçe adamlar. Ähli ýerde biziň öz ornumyz bar. Barmaly, görmeli, öz ykbalyň eçilýän her bagtly pursatyna mynasyp eýe bolmaly.
Bagt baýlykdadyr öýdýän bolsaň, bar, giden mal-mülk toplajak bolup ýakynlaryna ýeterlik mähir-muhabbet eçilmedik adamyň ýanyna, ony diňle. Hem-ä, onuň derdi egsiler, hem özüň baýlyk hakdaky eden pikirleriň bärdengaýtma, telekdigine göz ýetirersiň, ýa ol hakda öň ýetik sagdyn düşünjäň bar bolsa, ony berkidip gaýdarsyň.
Ýa-da goňşusynyň durmuşyny özüniňkiden bagtly saýyp, öz-özüni kemsidip ýörene duşup, onuň hem bagtlydygyny, ýöne goňşusynyňka meňzeş däl-de, başga, özboluşly bagtyň eýesidigini düşündirip bilseň-ä, has gowy. Bu meger, ol ynsanyň täzeden dünýä inmegine barabar täsin pursat bolup aňynda galar.
Bagtsyz adamyň ýoklugyna bolsa, özüm-ä edil her säher Günüň parlap dogjakdygyna ynanyşym ýaly ynanýaryn. Ýöne ol adamyň özi öz bagtyny duýup bilmese, ol nädip başgalara bagtly görünsin. Bagt hem, biziň sandygyň düýbüne oklanyp, haçan geýiljegi belli bolmadyk täze köýnegimiz ýaly, onuň ýüreginiň çuň düýbünde ýygrylyp ýatan bolaýmasyn?!
Şonuň üçin özümiziň, bir-biregiň bagtyny sözüň göni manysynda görüp bilmegi başaralyň! Pasly-bahara çalymdaş ömrümiziň her gününiň toýdugyna düşünip, gaýragoýulmasyz ömrümiziň gaýra goýlan gününe garaşyp, sandykda ýatan täze lybaslarymyzy geýip, ýürek töründe ýygrylyp ýatan öz bagtymyzyň elinden tutup, daşaryk — dünýä çykalyň!