
Makronyň çaklamasy dogry çykdy

Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makron diňe bir güýçli syýasatçy däl-de, eýsem, futboldan oňat baş çykarýan janköýerdigini ýene-de bir gezek subut etdi. Ol Fransiýa — Polşa duşuşygynyň fransuzlaryň hasabyna 3:1 hasabyna tamamlanjakdygyny, gollary Mbappeniň, Žirunyň hem-de Lewandowskiniň geçirjekdigini belläpdi. Duşuşyk, hakykatdan-da, Makronyň çaklamasy ýaly tamamlandy.
«Tesla Y» elektromobilleriniň önümçiligi azalar

Ilon Maskyň ýolbaşçylyk edýän «Tesla» kompaniýasy «Model Y» ulaglarynyň önümçiligini azaldar. Bu ýagdaý kompaniýanyň HHR-iň Şanhaý şäherinde täze zawod gurýandygy üçin serişdelerini tygşytlamagy meýilleşdiýändigi bilen baglanyşdyrylýar.
Koreýa Respublikasy eksport rekordyny täzelär

Ykdysadyýeti eksporta ýöriteleşýän Koreýa Respublikasy 2022-nji ýylda harytlarynyň eksport rekordyny täzelär. Bu babatda oba hojalyk we azyk harytlaryna esasy orun degişli bolar.
112 ýyldan soň ýene-de mazarlyk tapyldy

Müsürde 112 ýyldan soňra ilkinji gezek mazarlyk tapyldy. Mazarlykda mumiýalaryň çekilen sudury hem tapyldy.
Halkara Aý ylmy stansiýasy dörediler

Russiýa we Hytaý bilelikde Halkara Aý ylmy stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýärler. Bellemeklerine görä, ol 2035-nji ýylda doly derejede işläp başlar.