Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

«Salam, dünýä!»: syýasy-ykdysady gözýetim

SalamNews
Dünýäde

Hytaýa garşy embargo yglan ediler

«Salam, dünýä!»: syýasy-ykdysady gözýetim

Ýaponiýa bilen Gollandiýanyň öz önüm öndürijilerini goramak üçin Hytaýa garşy çäklendirmeleri girizmekleri ähtimal. Häzirki wagtda HHR-e garşy şeýle çäklendirmeleri ABŞ girizipdi. Emma Hytaý öndürijileriniň tehnologiýalary göçürmekleri Ýewropa we Aziýa döwletlerine şeýle çäre görmäge mejbur edýär.

Çäklendirmeleriň esasynda, ýarym geçirijileriň önümçiliginde zerur bolan enjamlaryň Hytaýa satylmagynyň öňi alnar. Ýaponiýanyň «Nikon» we Gollandiýanyň «ASML Holding NV» kompaniýasy Hytaýyň öndürijilerine çylşyrymly tehnologiýalary esasy eksport edýän şereketlerdir. Bu kompaniýalar ýakyn wagtda HHR-iň öndürijileri bilen käbir ugurlarda gatnaşyklaryny kesmeli bolarlar.

Pakistan rus nebitini satyn alar

«Salam, dünýä!»: syýasy-ykdysady gözýetim

Pakistan aprel aýyndan başlap Russiýa Federasiýasyndan nebit satyn alyp başlar. Maglumatlara görä, häzirki wagtda bu babatdaky ylalaşyk jemleýji tapgyrda. Geleşigiň ýene-de bir aýratynlygy, nebitiň töleginiň bir bölegi Pakistanyň milli walýutasynda — rupiýada tölener.

Pakistanyň döwlet işgärleriniň bellemegine görä, rus nebitiniň importy Pakistana ýurt üçin zerur bolan nebitiň 35 göterimini üpjün edip biler.

Finlýandiýada iş üpjünçilik meselesi üstünlikli çözülýär

«Salam, dünýä!»: syýasy-ykdysady gözýetim

Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, Finlýandiýada 5,5 milliondan gowrak adam ýaşaýar. Şol bir wagtyň özünde ýurtda dünýäniň iri kompaniýalarynyň wekilçilik edaralary hereket edýär. Şeýle ýagdaýda ýurduň ilaty hiç wagt hem işsizlikden kösenmeýärdi. Emma pandemiýa we dünýä syýasatynyň çylşyrymlylygy Demirgazyk Ýewropanyň bu döwletinde hem kynçylyklary döretdi. Emma soňky wagtlarda Finlýandiýada ilatyň iş bilen üpjünçiligi kadaly ösdürilýär.

2022-nji ýylda 15-den 74 ýaş aralygyndaky ýurduň 2 619 000 raýaty iş bilen üpjün edilipdi. Şol bir wagtyň özünde işsizleriň sany 190 müňe çenli azalypdyr. 2021-nji ýyl bilen deňeşdireniňde, 65 müň adam köp iş orny bilen üpjün edilipdir. Işsizleriň sany bolsa 22 müň adam azalypdyr.

Hindistanyň iň baý adamy üçin uly meseleler döreýär

«Salam, dünýä!»: syýasy-ykdysady gözýetim

Hindistanyň iň baý adamy Gautam Adani iki günüň içinde 51 milliard amerikan dollaryny ýitirdi. Ýakynda dünýäniň iň baý ikinji adamy bolmagy başaran işewüriň girdejileriniň azalmagy onuň telekeçiliginde birnäçe galp resminamalary ulanmagy bilen baglanyşdyrylýar. Bazarda garşydaşlaryny «agressiw» usul bilen özüne birikdirýän meşhur telekeçiniň girdejileriniň ýene-de azalmagyna garaşylýar.

«Hindenburg Research» barlag kompaniýasynyň iki ýylyň dowamynda geçiren seljermeleri Adaniniň hasabatlarda galp maglumat berendigini ýüze çykarmaga şert döretdi. Adaniniň «Hindenburg Research» kompaniýasy bilen kazyýetde duşuşmagy meýilleşdirýändigi bellenýär.

Häzirki wagtda galplyk bilen baglanyşykly maglumatlaryň ýüze çykarylmagy işewüriň serişdeleriniň 100 milliard amerikan dollaryndan hem azalmagyna getirdi. Onuň serişdeleriniň möçberi 93 milliard amerikan dollaryna barabardyr.

Iň täze habarlar