21-nji sentýabrda Gazagystanyň Baýkonur kosmodromyndan K.E.Siolkowskiý adyndaky «Soýuz MS-22» arş gämisi «Soýuz-2.1a» daşaýjy raketasy bilen Halkara kosmos stansiýasyna uçuş amala aşyrdy. Bu barada «Roskosmos» habar berýär.
Bu gezekki uçuş hem örän şowly bolup, esasy ekipažyň düzümindäki kosmonawt Sergeý Prokopiýew, TASS-yň kosmosdaky üçünji ýörite žurnalisti boljak Dmitriý Petelin we NASA-nyň kosmonawty Fransisko Rubio Halkara kosmos stansiýasyna sag-aman bardylar.
Kosmiki missiýanyň ätiýaçdaky ekipažynda Nikolaý Çub we amerikaly kosmonawt Lorel Ohara, şeýle hem Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko bar. Bu gezekki kosmiki missiýa 188 gün, ýagny 28-nji marta çenli dowam eder. Şeýle hem bu ABŞ bilen Russiýanyň ilkinji bilelikdäki uçuşy hökmünde ýatda galar.
Gämi bilen HKS-e baran üç kosmonawty ol ýerdäki Oleg Artemiýew, Denis Matweýew we Sergeý Korsakow garşy aldy. Garşy alan kosmonawtlar 29-njy sentýabrda Ýere dolanarlar.
Uçurylan arş gämisi içki resminamalary, arassaçylyk-zyýansyzlandyryş serişdelerini we lukmançylyk enjamlaryny, ylmy esbaplary, kosmonawtlaryň şahsy zatlaryny, TASS kosmiki belgisini — jemi 120 kg golaý ýükleri hem eltip berdi.
Bu arş gämisi nazary kosmonawtikany esaslandyryjylaryň biri bolan Konstantin Siolkowskiniň hormatyna atlandyryldy. Sebäbi 17-nji sentýabrda onuň doglan gününiň 165 ýyllygy bellendi.