
«It fotosuratlarynyň baýraklary — 2022» bäsleşiginiň ýeňijileri mälim edildi — diýip, «The Guardian» neşiri ýazýar. Bäsleşige 50 ýurtdan fotosuratçylar, fotožurnalistler gatnaşdylar. Oňa 1400-den gowrak surat hödürlendi. Geliň, bäsleşikde ýeňiji bolan suratlary bilelikde synlalyň.
«Ekşn» kategoriýasynyň ýeňijileri
1-nji orun: Surat Italiýada itleriň arasynda çeýelik boýunça geçirilen ýaryşda Françesko Junior Mura tarapyndan düşürildi.

2-nji orun: Sloweniýada Günüň dogup gelýän pursatynda türgenleşik sapagynda Kýara Koçbek tarapyndan surata düşürildi.

3-nji orun: Juliýa Hasselkuss Norwegiýada dynç alyş pursatynda düşürdi.

«Portret we peýzaž» kategoriýasynyň ýeňijileri
1-nji orun: Dalýa Fihman tarapyndan düşürilen Şweýsariýadaky halas ediş toparynyň iti bu bölümde ýeňiji bolmagy başardy. Fotosuratçy Dalýa Fihman bu suraty düşürmek üçin halas ediş toparyna goşuldy we iti surata almak üçin buzuň aşagynda gizlendi. Halas ediş toparyndan itiň ony tapmagyny haýyş etdi. Itiň Dalýa Fihmani halas etjek bolup duran pursatynda fotosuratçy surata düşürdi.

2-nji orun: Sofiýa Hatçinson tarapyndan düşürilen bu dalmatin tohum iti 2 gezek aýagyndan operasiýa geçirýär. Fotosuratçy sagalandan soň, Sofiýa Hatçinson «Leamington» şypahanasynyň çäginde owadan tebigat bilen sazlaşdyryp, dalmatin tohum itini surata düşürmegi başardy.

3-nji orun: Fotosuratçy Joann Lýu Grenlandiýanyň itiniň garda meýmiräp ýatan suratyny düşürmegi başardy.

«Itler we adamlar» kategoriýasynyň ýeňijileri
1-nji orun: Fotosuratçy Sabrina Teden bu suraty Germaniýanyň Duýsburg şäherinde düşürdi.

2-nji orun: Sarah Ebner Günüň ýaşyp gelýän çagynda itleriň eýeleri bilen oýnaýan pursatynda düşürdi.

3-nji orun: Rassel Çarters Awstraliýanyň kenarynda eýesi bilen gezelenje çykan pursatynda düşürdi.

«Studio» kategoriýasynyň ýeňijileri
1-nji orun: Fotosuratçy Su Keý tomaşaçylarda sorag döretjek, itiň özboluşly, üýtgeşik suratyny düşürdi. Bu kategoriýada suratlar studiýada alynýar.

2-nji orun: Fotosuratçy Jeýn Tomson öz Kanadadaky studiýasynda surata düşürdi.

3-nji orun: Fotosuratçy Daniel Şmid Bawariýada täze doglan güjüjegi surata düşürdi.
