Şu gün
Aşgabat
23 °C
Ertir
Aşgabat
23 °C
Birigün
Aşgabat
23 °C
2021октябрь
DU
SI
CA
PE
AN
SE
YE
26
27
28
29
30
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
1
2
3
4
5
6
Today
Aşgabat
23 °C

Sazlamalar

Diller

TM

Koko ŞANEL: «Owadan däl zenan ýok...»

SalamNews
Dünýäde
Koko ŞANEL: «Owadan däl zenan ýok...»

Şu gün — XX asyryň iň görnükli şahsyýetleriniň biri, moda we zenanlaryň eşikleri babatda öwrülişigi amala aşyrmagy başaran Gabriel Bonýor (Koko) Şaneliň doglan güni.

1883-nji ýylyň 19-njy awgustynda Fransiýanyň Somýur şäherinde dünýä inen Şanel alty çagaly maşgalada ikinji çaga bolupdyr. Koko Şanel ýaşlygyndan uly kynçylyklary çekýär — 11 ýaşynda ejesiniň dünýäden ötmegi we kakasynyň gyzlaryny ybadathana ýerleşdirmegi bilen, Şanel özbaşdak durmuşa başlaýar. Garyp we ýetim çagalara bilim hem-de terbiýe bermek üçin niýetlenen ybadathanada köýnek tikmegi öwrenen zenan bu ýerde gören görnüşlerini we ak-gara reňk sazlaşyklaryny geljekki döretjek eşiklerinde giňden peýdalanypdyr.

Şanel moda dünýäsindäki ilkinji ädimlerini täze dizaýna esaslanýan zenan başgaplaryny öndürmek bilen başlaýar. Ol şol döwrüň zenan başgaplarynyň çylşyrymly görnüşlerini kämilleşdirýär we ony erkek adamlaryň başgaplaryna mahsus bölekler bilen has baýlaşdyrýar. 1910-njy ýylda Parižiň Kambon köçesiniň 21-nji jaýynda özüniň ilkinji butik dükanyny açýar. Fransuz zenanlaryny Şaneliň başgaplarynyň ýönekeýligi hem-de özboluşly reňkler bilen bezelendigi özüne çekipdir.

Koko ŞANEL: «Owadan däl zenan ýok...»

«Gözellik baradaky aladalaryňy ýürek bilen kalbyňdan başlamaly. Bolmasa, hiç kosmetika hem kömek etmez» diýen Şanel zenan eşikleriniň ýeňil hem-de geýmäge oňaýly bolmagy ugrunda göreşipdir. Ol eşikleriniň zenanlarda özlerine bolan ynamy döretmelidigini nygtapdyr. Şeýle maksat bilen Şanel erkek adamlaryň geýýän penjekleriniň we jalbarlarynyň käbir alamatlaryny özünde jemleýän eşikleriň täze toplumyny satuwa çykarýar. 1913-nji ýylda Şaneliň ikinji butik dükanynda satuwa çykarylan bu eşikler we olaryň awtory Gabriel Koko Şanel asyryň döwrebap zenanynyň nusgasy bolupdyr. Şaneliň bu eşiklerini mahabatlandyrmak üçin peýdalanan usuly hem özboluşlylygy bilen tapawutlanypdyr. Butik dükanynyň önümlerini modaçy zenanyň aýal dogany Antuanetta we daýzasy Adrian geýipdirler hem-de Parižiň köçelerinde aýlanyp, zenanlara bu harytlary eginlerinde görkezipdirler.

«Couturier» derejesini alan zenanyň «Chanel» kompaniýasynyň dünýäniň iň tanymal brendleriniň birine öwrülmeginde «Chanel Nº 5» atyrlarynyň orny uludyr. Bu atyrlar 1921-nji ýylda Şaneliň ýakyn ýoldaşlarynyň biri bolan Ernest Bo tarapyndan döredilýär we dünýäniň iň meşhur önümleriniň birine öwrülýär.

Koko ŞANEL: «Owadan däl zenan ýok...»

Önümleri dünýäde uly islegden peýdalanan Koko Şanel 1939-njy ýylda dünýäde turan galagoplylyk sebäpli ähli butik dükanlaryny ýapmaga mejbur bolýar. Şeýlelikde, moda dünýäsine 70 ýaşynda, ýagny 1954-nji ýylyň 5-nji fewralynda gaýtadan dolanyp gelen Şaneliň döredijiliginiň ençeme ýyllyk durgunlykda bolandygyna seretmezden, onuň döredýän zenan eşikleri hem-de bezegleri dünýäde uly islegden peýdalanypdyr. Dünýäniň şol wagtky meşhur adamlary Koko Şaneliň eli bilen taýýarlanan eşikleri geýmegi uly hormat we bagt hasaplapdyrlar.

«...Ir turuň, hysyrdyly, örän hysyrdyly işläň. Zähmet çekmek hiç kime zyýan etmez, çünki iş ruhuňy belent saklaýar, belent ruh bolsa teniň sagdynlygyna getirýär» diýip bellän Koko Şanel ömrüniň soňky 7 ýylyny dynuwsyz zähmet çekmek we nusgawy hasaplanýan önümlerini taýýarlamak bilen geçirýär.

Beýik zenan, ajaýyp moda önümlerini taýýarlan Şanel diňe hepdäniň dynç günleri ussahanasyna barmandyr. Onuň 1971-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda — hepdäniň dynç güni 87 ýaşynda dünýäden ötmegi hem zähmet çekmegiň, öz işiňi söýmegiň we oňa ömrüňi bagyş etmegiň gymmatynyň görkezijisidir.

Beýik zenanyň miras goýan «Chanel» brendine degişli häzir hem dünýäniň iň görnükli moda önümleri öndürilýär. Bütin dünýä boýunça «Chanel» brendine 250 töweregi butik dükanlary degişli bolup, kompaniýanyň düzüminde 20 müňe golaý adam zähmet çekýär.

Koko Şanel barada onlarça kitabyň ýazylmagy we birnäçe iri göwrümli filmleriň düşürilmegi, meşhur «Time» žurnaly tarapyndan düzülen «XX asyryň iň täsirli adamlarynyň» sanawynda moda dünýäsinden ýeke-täk wekil bolmagy hem zenanyň adamzat taryhynda eýeleýän uly ornunyň esasy görkezijisi bolup durýar.

Koko ŞANEL: «Owadan däl zenan ýok...»

Iň täze habarlar

«Salam, dünýä!»: 1 minutda jahan habarlary

1 minutda jümle-jahan habarlary bilen tanyş boluň.
SalamNews

«Salam, dünýä!»: 1 minutda jahan habarlary

1 minutda jümle-jahan habarlary bilen tanyş boluň.
SalamNews