Sazlamalar

Diller

TM

Dünýäniň iň semiz ilatly ýurtlary mälim edildi

SalamNews
Dünýäde
Dünýäniň iň semiz ilatly ýurtlary mälim edildi

Ýuwaş ummanynyň adasynda ýerleşýän Nauru döwletiniň ýerli ilatynyň 88,5 %-i aşa semiz — diýip, mir24.tv saýty «World in Data» guramasyna salgylanyp habar berýär. Nauru semiz adamlaryň iň köp ýaşaýan ýeri hökmünde rekord goýdy — diýip, habarda bellenýär.

Ikinji orny Palau adasy eýeleýär. Bu ýerde uly ýaşly ilatyň 85,1 %-i aşa semizlikden kynçylyk çekýär.

Wýetnam döwleti sanawa aşa semizligiň iň pes derejedäki ýurdy hökmünde goşuldy. Ýurtda ilatyň diňe 18,3 %-i semizlikden ejir çekýär. Sanawda ikinji orny Hindistan eýeledi. Bu ýerdäki ilatyň bary-ýogy 19,7 %-i semizlikden kösenýär.

Iň täze habarlar