Kitap — ruhy hazyna

Ýaşlarda kitaba söýgi döretmek, körpelikden kitap okamak endiklerini kemala getirmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gaýragoýulmasyz meseleleriň biridir. Biz bu makalamyzda kitap okamagyň birnäçe peýdaly syrlarynyň üstünde durup geçmegi maksat edindik.
kitap okamagyň netijesinde adam öz durmuşyndaky boşluklary dolduryp biler, kitaby islendik ýerde okap bilersiňiz we bu endik size lezzet berer;
entek ýaýlyma berilmedik täze kinolar baradaky maglumatlar bilen öňünden tanşyp bilersiňiz, sebäbi siz eýýäm bu kinonyň kitabyny okadyňyz;
kitap okamak ünslüligiňizi has-da güýçlendirýär;
kitap okamak aragatnaşykda aýdyň, açyk pikirli bolmagyňyza ýardam berýär;
kitap okamak onuň sahypalarynda täze bir dünýä syýahat etmäge, dürli keşpli gahrymanlar bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär;
islendik ýerde siz mamla, pikirleriňiz goldanylýar we siz daş-töwerekdäki adamlar tarapyndan uly hormata mynasyp bolýarsyňyz;
kitap okaýan adamyň söz gory baý bolup, ol gündelik gepleşikde hem giň manyny aňladýan birnäçe sözlerden peýdalanyp biler;
durmuşda ähli ýagdaýlara, wakalara degişli özboluşly garaýşyňyz, pikiriňiz kemala gelýär;
durmuşda dürli ýagdaýlardan dogry baş alyp çykyp biljek öz ýagdaýyňy has dogry sözlemler, pikirler bilen aýdyň düşündirip bilmek ukybyňyz kämilleşer;
kitap okamak pikiriňi beýan etmekde, dostuňa, joraňa hat ýazmakda (gündelik ýöretmekde, goşgy goşmakda we ş.m.) hem ähmiýetlidir;
okan, öwrenen kitaplarynyň esasynda bilim-düşünjesini artdyran adam şahsy durmuşyny has-da kämilleşdirip, manyly edip biler;
kitap okamak arkaly adam beýnisindäki sözleýiş aragatnaşygynyň güýçlenýändigi hem subut edilendir;
Görnüşi ýaly, kitap okamagyň ýaşlaryň durmuşynda örän uly ähmiýeti bar. Türkmenistan döwletimizde Arkadagly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde okamaga, öwrenmäge, döretmäge uly şertler, mümkinçilikler döredilýär. Türkmen halk döredijiligi, eserleri, dessanlary, romanlary, hekaýadyr rowaýatlary dünýäniň dürli dillerinde, şeýle-de dünýäde söýlüp okalýan kitaplar türkmen dilinde isle kitap görnüşinde, isle-de elektron göterijilerde halk köpçüligine ýetirilendir. Okamaga, öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Prezidentimiziň beýik işleri rowaçlansyn!