Şu gün
Aşgabat
-2 °C
Ertir
Aşgabat
-2 °C
Birigün
Aşgabat
-2 °C
2021октябрь
DU
SI
CA
PE
AN
SE
YE
26
27
28
29
30
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
1
2
3
4
5
6
Today
Aşgabat
-2 °C

Sazlamalar

Diller

TM

Geljegimiz öz elimizde (ýa-da gözýetimdäki geljek hakda söhbet)

Mukam MUHAMOW, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçysy.
pexels.com
Geljegimiz öz elimizde (ýa-da gözýetimdäki geljek hakda söhbet)

Bir akyldardan şägirdi:

— Halypam, geljegi öňünden görüp bolýarmy, şübhäm bar diýip sorapdyr.

Onda akyldar:

— Aýdaly, ýurduň o çetinde seniň ýakyn hossaryň agyr ýatyr, senem haýal etmän onuň ýanyna ýetişmeli. Gapyňda bolsa iki sany at dur birinjisi lagar düşüp, halys gutumy guran, ikinjisi bolsa daýaw, syçrap duran at. Ýola gitmek üçin sen olaryň haýsyny saýlardyň? diýipdir.

— Elbetde, ikinjini diýip, şägirt emgenmän jogap gaýtarypdyr.

Şonda akyldar:

— Onda näme üçin geljegi öňünden görüp bolmaýar diýýäň?! diýip, jogaby nagt edipdir.

Görnüşi ýaly, adam hemişe geljegi öňünden görmäge döwtalap. Iň golaý mysallar bilen delillendirsek, howa maglumatyny dowamly yzarlap durmagymyz, ýyldyzlaryň täleýnamasy bilen tanşyp durmagymyz hem biziň özümize ýakyn geljekde nämeleriň garaşýandygyny öňünden bilmek islegimiz bilen baglanyşyklydyr.

Geljek — şu günüň dowamy. Diýmek, ol belli bir derejede şu güne bagly sebäbi geljek şu günüň netijesidir. Eger şeýle bolsa, onda geljegi, «gözüň gytagy» bilen bolsa-da görmäge mümkinçiligimiz bar.

Hawa, biz geljegi görüp bileris. Özi-de ol köp babatda biziň amallarymyza, hereketlerimize, bitiren işlerimize bagly. Bu meniň pikirim däl, bu hakynda belli futurologlar — geljegi öwrenijiler tekrarlaýarlar.

Jemgyýetiň häzirki ýagdaýyndan seretseň, geljegi has abadan etjek depginli özgerişleri, aň hem-de tehnologik taýdan okgunly ösüşi görmek bolýar. Ýöne, «taýagyň ikinji ujy» welin jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň, adam gatnaşyklarynyň wagt geçdigi saýyn «agsaýandygyny» görkezýär. Muny alymlar ylmy-tehnologik ösüş bilen baglanyşdyrýarlar. Häzir internet garaşlylygyna duçar bolan adam birek-birek bilen gatnaşyklara sowuk-sala çemeleşmäni çykardy. Ýolda-yzda özüňden uly gabat gelnende, tanaýan bolaýmasa, salamlaşýan azaldy, öz telefonlary bilen gümra çagalar, ýaşlar jemgyýetçilik awtobusynda ýaşululara ýer bermek edebini ahmal etdiler. Iň şatlykly günde adamlar birek-birege gyzgyn gutlagyny diňe SMS arkaly ugratmak bilen çäklendiler. Barşyp-gelişmek, goňşy arada okaraly gatnaşmak diňe telefon üsti jaňlaşmagyň netijesinde galyşyp barýar. Hossarlary, ýaşululary baryp görüp durmagyň ýerine, wideo jaňda görüşmek arkaly oňulýar. Mahlasy, internet, oýun-güýmenjeler adamlary garasöýmezleşdirýär. Hemişe üns merkezinde saklanylmaly çagalary kompýuterler, wideo oýunlar «terbiýeleýärler». Kitap okaýanlaryň sany bolsa gitdigiçe azalýar.

Bu diňe bir biziň jemgyýetimiziň däl-de, eýsem, umuman, adamzadyň düşen ýagdaýy. Şulardan çen tutsaň, «gözýetimdäki geljek» üýtgedilmäge mätäç. Ýaşulularyň janygyp aýdyşy ýaly, türkmen aganyň asyrlarboýy kemala getiren edep kadalary, jemgyýetçilik gatnaşyklary berk eýerilmese, biziň nesilleriň, ata-babalaryň öňündäki iň uly borjy ýerine ýetirmedigimiz bolar. «Gözýetimdäki geljegi» has gowy etmek üçin biziň her birimiziň öz içimizde, öz maşgalamyzda, öz töweregimizde barlyşyksyz göreş alyp barmagymyz gerek. Ýöne muny özbaşdak, aýry-aýry däl-de, birek-birek bilen arkalaşyp etmek zerurdyr.

Bir mugallym öz talyplarynyň hersine bir howa şaryny beripdir-de, ony çişirip, öz adyny ýazyp, däliziň ugruna taşlamagy buýrupdyr. Soňra mugallym dälize dolan şarlary garyşdyryp, her talyba öz şaryny tapmagy tabşyrypdyr, özi-de munuň üçin 5 minut wagt beripdir. Talyplar ber-başagaý bolup gözleselerem, öz şarlaryny teý tapyp bilmändirler. Soňra mugallym şerti üýtgedipdir. Indi olara 5 minutyň içinde hersi bir şary alyp, ony öz eýesine gowşurmak buýrulypdyr. Bu gezek talyplar 5 minudyň içinde ýumşuň hötdesinden gelipdirler. Şonda mugallym: «Görýäňizmi, bu şarlar bagt ýalydyr. Biz diňe öz bagtymyzy gözlesek, onda hiç haçan tapmazlygymyz hem mümkin. Eger-de birek-biregiň bagtyny tapyşmaga kömek etsek welin, öz bagtymyzy hem basym taparys» diýip, durmuş sapagyny berenmiş.

Geljegi düzetmek hem mugallymyň beren pendi ýa-da akyldaryň beren parasatly jogaby ýalydyr. Biz birek-birek bilen arkalaşsak, dag aşarys. Lagar düşen at bilen ýola çyksak welin, ýolsuz galarys.

Geljek gözýetimde. Geljek biziň öz elimizde.