«Türkmenistan» kinokonsert zalynda «Şadyýan tomus!» atly konsert geçiriler

SalamNews

1 Iyul, 2024

1

30-njy iýunda «Türkmenistan» kinokonsert zalynda «Şadyýan tomus!» atly konsert geçiriler. Konsertiň maksatnamasy ulular, ýetginjekler we çagalar üçin niýetlenendir.

Konsertiň dowamynda «Tandem» çagalar aýdym-saz we teatr studiýasynyň okuwçylary çykyş ederler. Olar «Дюймовочка» we «Маленький мук» multfilmlerinden bölekleri sahnalaşdyrarlar. Türkmen döwlet sirkiniň «Altyn Asyr» çagalar tans ansambly tanslary ýerine ýetirer. Ýaş zehinli aýdymçy Isgender Nurmuhammedow we meşhur ýerine ýetiriji Ýelena Oreşkina Alla Pugaçýewanyň, Laýma Waýkuleniň, Nataşa Korolýowanyň, Oleg Gazmanowyň, Raşid Beýbutowyň, «Ялла» ansamblynyň we «Машина времени» toparynyň aýdymlaryny ýerine ýetirerler.

Konsert şol gün 19:00-da başlanar.

Giriş petekleri boýunça maglumat almak üçin telefon belgiler:

+99364 08-88-29; 49-26-58.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews