Türk aktrisasy Maryam Uzerli «Ähli döwürleriň iň owadan zenanlarynyň» sanawyna girdi

SalamNews

22 Awgust, 2023

«Beýik ýüz ýyl» teleserialynda Hurram Soltanyň keşbini ýerine ýetiren soň bütin dünýäde meşhurlyk gazanan Marýam Uzerli henizem halkyň üns merkezinde. Ol diňe bir aktrisa hökmünde üstünlikli karýerasyny dowam etdirmek bilen çäklenmän, eýsem köp sanly marka üçin mahabatlarda-da çykyş edýär. Ýakynda, türk kino dünýäsiniň ýyldyzynyň ady «Ähli döwürleriň iň owadan zenanlarynyň» sanawyna girizildi.

Häzirki wagtda aktrisa «Ru» serialynda baş gahrymanyň keşbini oýnaýar. Mundan başga-da tamaşaçylar ony ýakyn geljekde beýleki, täze taslamalarda-da görüp bilerler.

Maglumat üçin, Maryam Uzerli 1983-nji ýylyň 12-nji awgustynda Germaniýada dünýä indi. Aktrisa hökmünde onuň potensialy mekdep ýyllarynda ösüp başlady, köp oýunlara yzygiderli gatnaşdy. 17 ýaşynda has-da kämilleşmek maksady bilen Gamburgdaky aktýorçylyk mekdebinde okady. Karýerasynyň dowamynda birnäçe meşhur filmlerde keşp janlandyrdy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews