Iň kämil kameraly smartfonlar mälim edildi

SalamNews

18 Aprel, 2023

Smartfonlaryň kameralarynyň we linzalarynyň hiline baha berýän «DxOMark» guramasy iň gowy kameralar bilen üpjün edilen smartfonlaryň sanawyny täzeledi.

«DxOMarkyň» synaglarynda 153 utuk toplan «Oppo Find X6 Pro» «Dünýäniň iň gowy kameraly smartfony» diýlip ykrar edildi. «Honor Magic5 Pro» 152 utuk bilen ikinji, «Huawei Mate 50 Pro» we «Google Pixel 7 Pro» degişlilikde, üçünji we dördünji ýerleri eýelediler.

Ulanyjylaryň iň söýgüli smartfonlary bolan «Honor Magic4 Ultimate» «iPhone 14 Pro Max» modelleri 147, 146 utuk bilen, degişlilikde, bäşinji we altynjy orunlara mynasyp görüldiler.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews