Sportuň gyşky görnüşleri Türkmenistanda uly meşhurlyga eýe bolýar

SalamNews

28 Awgust, 2023

Tomsuň geçen günlerinde howanyň temperaturasynyň ýokary deredeje bolandygyna garamazdan, Aşgabat şaherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda her gün güýçli depgindäki türgenleşikler dowam etdirilýär. Ata-eneler çagalaryny uly höwes bilen hokkeý, figuralaýyn typmak hem-de şort-trek toparlaryna ýazdyrýarlar.

16 ýaşly Larisa Wahitowa Türkmenistanyň iň güýçli figuralaýyn typyjylarynyň biri. Ol ýurdumyzyň iki gezek çempionydyr. Zehinli gyzy sportuň bu görnüşine onuň diňe bökmek ýa-da aýlawly hereketler ýaly aýratynlyklaryna söýgüsi baglaýar.   

 — Biziň sazyň astyndaky hem-de buz üstündäki täsin hereketlerimizde gözellik, çeýelik we duýgy jemlenýär — diýip, Larisa Wahitowa «МИР 24» teleýaýlymyna beren interwýusynda belleýär.

Şort-trek bolsa ýurdumyzda sportuň ýaş görnüşleriniň biri hasaplanýar. «Aziýanyň çagalary» sport oýunlarynda milli ýygyndy toparymyzyň halkara derejesindäki ilkinji çykyşy bellige alyndy. Şol ýaryş üçin toparlara ýörite goşmaça saýlap-seçip almak çäreleri geçirildi. Oňa esasan hem, talyplar we mekdep okuwçylary wekilçilik edýärler. Okuwçylaryň birnäçesi bolsa figuralaýyn typmakdan şort-trege geçdi.   

Türkmen şort-trek ussatlary Olimpiýa oýunlarynyň medallary üçin göreşmegi arzuw edýärler. Olaryň ilkinji maksady bolsa Aziýa çempionatynda şowly çykyş etmekden ybaratdyr.

Gyşky oýunlar sport toplumynda şort-trek hem-de figuralaýyn typyjylar bilen goňşyçylykda hokkeýçiler hem türgenleşik geçýärler. Milli ýygyndy topar bolsa dünýä çempionatynyň üçünji diwizionynda çykyş edýär. Şu ýyl türkmen ýygyndysy adaty bolmadyk ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Russiýanyň iň gowy toparlarynyň biri hasaplanýan Kazanyň «Ak Barsy» Aşgabada geldi. Türkmen hokkeýçileri uly tejribe topladylar.

Häzir hokkeý boýunça Türkmenistanyň çempionatynda arakesme dowam edýär. Möwsüm oktýabryň aýagyna başlanar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews