Ýylyň iň gysga güni we iň uzyn gijesi: Astronomiki gyşa «gadam basýarys»

SalamNews

18 Dekabr, 2023

Ýene sanlyja günden bütin dünýä ýylyň iň gysga güni we iň uzak gijesi bilen ýüzbe-ýüz bolar. Astrologlar ýylyň iň gysga gününiň nämäni aňladýandygyny, onuň haýsy senä gabat geljekdigini hem-de energiýa babatda diýseň kuwwatly günde iň gowy zatlaryň nämeler boljakdygyny belläp geçdiler.

Şol gyş güni 22-nji dekabra gabat geler.

22-nji dekabrda Aşgabatda hem iň uzak gije bellige alnyp, ol 14 sagat 48 minut 12 sekunda uzar. Iň gyzga gündiz bolsa 9 sagat 11 minut 49 sekunt dowam eder. Öňümizdäki birnäçe günüň dowamynda bolsa Gün gözýetimden «aýlanar».

Munuň özi Günüň Ýerdäki gözýetimiň iň pes nokadyna düşýän astronomiki hadysasydyr. Demirgazyk ýarym şar ýylyň iň gysga gününi we iň uzyn gijesini başdan geçirýär. Şeýle hadysa her ýylyň gyşynda bolup geçýär.

Bu nähili bolýar

Ýer Günüň daşyndan orbita boýunça ellips görnüşinde aýlanýar we onuň aýlanma oky birneme egrelen ýagdaýda — takmynan 23,4 gradusa deň bolýar. Şu ýagdaýyň esasynda hem, planetamyzda pasyllar çalşyp, tomus we gyş aýlary gelýär. Dekabrda Ýeriň polýusy mümkin boldugyça Güne tarap egrelse, tomsuna bu hadysa şonuň tersine bolup geçýär.

Gyşyň şeýle hadysady adamlara nähili täsir edýär

Astrologlaryň belleýşi ýaly, şu ýyl gyş pasly Merkuriniň dördünji retrogradynda bolar. Emma Gün hem-de Aý gowy taraplara öwrüler we esasan hem, günüň birinji ýarymynda işewürlik meselelerini çözmäge uly täsirini ýetirer.

Gyşyň iň gysga gününde näme etmek maslahat berilýär

Astrologlar jaýyň ähli ýerine ýagtylandyryp biljek yşyklandyryş bilen üpjün etmelidigini belleýärler. Bu gün maşgalaňyzy bir saçagyň başynda jemlemek hem-de stoluň üstünde sitrus miwelerini goýmak maslahat berilýär. Nahar başynda ýakymly ysly önümleriň ýa-da gülleriň ýerleşdirilmegi ýerlikli bolar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews