Walensiýanyň ýaşaýjylary «Dörtgünlük» iş tertibiniň girizilmegi bilen wagtlaryny maşgala bolup geçirmäge mümkinçilik aldylar

SalamNews

8 Noýabr, 2023

«Dörtgünlük» iş tertibine geçilmegi Walensiýanyň ýaşaýjylary üçin ýakynlaryna we özlerine has köp wagt sarp etmäge mümkinçilik döretdi. Muny şäher geňeşi tarapyndan paýlaşylan pikir soralşygyň netijeleri tassyklady.

Bu synaga gatnaşyjylaryň 72 göterimi öz hobbileri bilen meşgullanmaga hem-de dostlarydyr maşgalalary bilen gyzykly pursatlary geçirmäge mümkinçilik berýän boş wagtlarynyň köpelendigini belledi. Mundan başga-da, adamlaryň belli bir bölegi köp ýatmagy (64%), bir topary köp okamagy (46%) hem-de sport bilen meşgullanmagy (37%) gündelik endigine öwürdi. Gatnaşyjylaryň üçden biri stressiň derejesiniň peselendigini nygtady.

Has gysga iş hepdesiniň peýdasy diňe bir walensiýalylara däl, eýsem bütin şähere täsirini ýetirdi. Synagyň hasabaty şäherdäki ulaglaryň 9,5 %, howadaky azot oksidiniň 58 % azalandygyny görkezdi.

«Ýewropulsyň» habar berşi ýaly, Ýewropa ýurtlary hem-de şäherleri dörtgünlük iş hepdesini girizmegiň mümkinçiliklerini öwrenýärler. Mysal üçin, geljek ýyl nemes kompaniýalarynyň 50-si öz işine «dörtgünlük» iş tertibini girizer.  

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews