Arkadag şäheriniň Kärizek etrabyndaky ýaşaýyş jaý toplumyna şäherçe derejesi berildi

SalamNews

«Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

1. Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň düzüm bölegi bolan, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuşy, zähmet çekmegi üçin has amatly şertleri bolan ýaşaýyş jaý toplumyna şäherçe derejesini bermeli we oňa ussat atşynas, şan-şöhraty dünýä dolan ajaýyp ahalteke bedewleriniň ugurbaşy nesillerini döreden halypa seýis Aba Annaýewiň adyny dakmaly hem-de mundan beýläk ony «Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesi» diýip atlandyrmaly.

2. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi Arkadag şäheriniň häkimligi bilen bilelikde Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň dolandyryş çäkleriniň ýazgysyny bellenen tertipde geçirmeli.

3. Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň saýlawlaryny 2023-nji ýylyň 23-nji iýulyna, ýekşenbe gününe bellemeli.

4. Türkmenistanyň Mejlisiniň 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky 112-IV belgili karary bilen tassyklanylan Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyna degişli üýtgetmeleri girizmeli.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews