Şu gün agşam EURO 2024-iň bijeleri çekilýär

SalamNews

2 Dekabr, 2023

Şu gün agşam geljek ýyl Germaniýada geçiriljek futbol boýunça 17-nji Ýewropa çempionatynyň bije çekiliş dabarasy geçiriler. Bije çekiliş dabarasy Germaniýanyň Gamburg şäherinde geçiriler we ol Aşgabat wagty bilen 21:00-da başlar. Dabara IPTV hem-de Älem TV-de bar bolan Türkiýäniň TRTSPOR teleýaýlymy arkaly efire berler.

24 ýygyndynyň gatnaşýan çempionatynda toparlar 6 toparça paýlanar. Her toparçada 4 ýygyndy bolar. 24 ýygyndynyň 21-si belli bolup, galan 3-si mart aýyndaky pleý-off duşuşyklaryndan soň kesgitlener.

24 ýygyndy 4 torba bölünip, ýer eýeleri Germaniýanyň ýygyndysy bilen bir hatarda, Portugaliýanyň, Fransiýanyň, Angliýanyň, Belgiýanyň hem-de Ispaniýanyň ýygyndylary bolar. Başgaça aýdylanda, olar toparçalaryň iň esasy faworitleri hökmünde görülýär.

Soňky çempion Italiýanyň ýygyndysy 4-nji torbada ýerleşýär. Serbiýanyň, Şweýsariýanyň hem-de pleý-offdan geljek 3 ýygyndy toparçalaryň iň soňky wekilleri bolarlar.

1-nji torba: Germaniýa, Portugaliýa, Fransiýa, Angliýa, Belgiýa, Ispaniýa

2-nji torba: Türkiýe, Daniýa, Wengriýa, Albaniýa, Rumyniýa, Awstriýa

3-nji torba: Horwatiýa, Sloweniýa, Slowakiýa, Çehiýa, Niderlandlar, Şotlandiýa

4-nji torba: Italiýa, Şweýsariýa, Serbiýa, Pleý-offuň 3 ýeňijisi

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews