«Premier Liganyň» taryhynda ilkinji gezek

SalamNews

2 Iýun, 2023

Angliýanyň çempionaty «Premier Liganyň» wekillerinden «Brentford» topary taryhy transfer amala aşyrdy. Toparyň U18 düzümine Lidia Bedford tälimçi bellendi. Şunlukda, Lidia Bedford «Premier Liganyň» taryhyndaky ilkinji zenan tälimçi hökmünde hasaba alyndy. Bu barada toparyň ýolbaşçylaryndan Fil Žiles:

— Biziň üçin bähbitli ýagdaý boldy. Lidia we Jon Pol ikisi bilelikde işleşerler. Şowly netije görkezjekdiklerine ynamym uly — diýip, beýanat berdi.

Bedfordyň kömekçisi hökmünde-de Jon-Pol Pittman bellenildi. Lidia Bedford mundan öň «Lester Sitiniň» zenanlar toparyna tälim beripdi. Şeýle-de, şu möwsümde tälimçiniň kömekçisi bolup işlän topary «Arsenal» bilen UEFA Zenanlar Çempionlar Ligasynda ýarym finala çykypdy.  

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews