Türkiýede ýene ýer titredi

SalamNews

25 Iyul, 2023

Şu gün — 25-nji iýulda Türkiýäniň Adana şäheriniň Kozan etrabynda sagat 08:44-de 5.5 ballyk ýertitreme hadysasy boldy. Maglumatlara görä, bu tebigy hadysa zerarly aradan çykanlaryň hem-de şikes alanlaryň ýokdugy aýdylýar. Bu barada ntv.com.tr ýazýar.

Ýertitremesiniň 11,27 kilometr çuňlukda bolandygy kesgitlenildi. Bu günki ýertitreme ýurduň Osmaniýe we Kahramanmaraş ýerlerinde hem duýulandygy habarda mälim edilýär.

Kozan etrabynda birnäçe ammaryň ýykylandygy bolaýmasa, başga bir iri zeleliň ýokdugyny Adana şäheriniň häkimi Zeýdan Karalaryň sözlerine salgylanyp, habar saýty ýazýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews