Tehnologiýa äleminiň täzeliklerini tanyşdyran forum üstünlikli jemlendi

SalamNews

12 Noýabr, 2022

11-nji noýabrda Aşgabatda15-nji gezek geçirilen telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2022» atly sergisi we ylmy maslahaty öz işini tamamlady.

2 günläp dowam eden halkara sergi we ylmy maslahat ýurdumyzyň sanly giňişlik ulgamynda gazanylanlary, halkara tejribeleri öwrenmek we halkara hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin amatly giňişlik boldy. Halkara sergi ýurdumyzyň sanly giňişlikde uly öňegidişlikleri gazanandygyny aýdyňlyk bilen görkezdi.

Halkara serginiň çäginde geçirilen ylmy maslahatyň ikinji gününde ýurdumyzyň aragatnaşyk düzümleriniň, daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri çykyş etdiler. Ylmy maslahatda çykyş eden «Huawei Technologies  Co., Ltd.» kompaniýasynyň baş direktorynyň geňeşçisi Igor Akulinin kompaniýanyň Türkmenistanda 4G ulgamly aragatnaşyk düzüminiň ornaşdyrylmagynda iş alyp barýandygyny mälim etdi. Bu işiň üstünlikli tamamlanmagy bilen, geljekde ýurdumyzda iň döwrebap 5G aragatnaşyk ulgamynyň ornaşdyryljak günleri hem uzakda däl.

«Eastwind» kompaniýasynyň halkara bazarlar bölüminiň başlygy Andreý Alimpiýew özüniň çykyşynda «Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen bilelikde taýýarlanan «tmchat» messenjer ulgamy barada giňişleýin durup geçdi. Elektron hatlary, faýllary we ses ýazgylaryny ikiçäk we toparlaýyn esasda alyşmaga ýardam berýän bu messenjeri kämilleşdirmegiň birinji tapgyrynda geljekde habarlar we täzelikler bilen tanyşmak mümkinçiligi dörediler. Messenjeri kämilleşdirmegiň ikinji tapgyrynda bolsa dürli görnüşli stikerleri satyn almak we tölegli mahabat hyzmaty giriziler.

Ylmy maslahatyň iň soňky — 4-nji mejlisi maglumatlar giňişliginiň howpsuz ulanylyşyna, kiberhowpsuzlyga bagyşlandy. Onda kiberhowpsuzlyk ulgamynda iş alyp barýan döwlet edaralarynyň, öňdebaryjy kompaniýalaryň ýolbaşçy düzümleri çykyş etdiler.

Halkara serginiň we ylmy maslahatyň ahyrynda «Sanly çözgüt — 2022» atly innowasion taslamalar bäsleşiginde ýeňiji bolanlara diplomlar we sylaglar gowşuryldy.

Habarçymyz «Türkmentel — 2022» atly sergisine özleriniň täze tehnologiýalary we hyzmatlary bilen gatnaşýan milli kompaniýalaryň wekilleriniň käbiri bilen söhbetdeş boldy.

Islam Täşliýew,

«Agzybirlik Tilsimaty» bilelikdäki kärhanasynyň Tehniki hyzmat ediş bölüminiň hünärmeni:

— «Agzybirlik Tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy tehnologiýa we kompýuter enjamlarynyň dürli görnüşlerini öndürýär. Şu sergide biz täzelikde önümçilige ornaşdyran uly ekranly — 98 dýuýmly sensor monitorymyzy ilkinji gezek tanyşdyrdyk. Bu monitor iki operasion ulgamda — «Windows» we «Android 12» ulgamlarynda işläp bilýär. «AT DQ 24» diýlip atlandyrylýan bu önümimiz 4K şekilleri görkezýär.

Maksat Astankulow,

«Ýokary Tilsimatlar Merkezi» hojalyk jemgyýetiniň direktorynyň orunbasary:

— 2012-nji ýylda esaslandyrylan hojalyk jemgyýetimiz ýurdumyzda hemra aragatnaşyk ulgamyny hödürleýär. Hemra aragatnaşyk hyzmaty «TürkmenÄlem52E» emeli hemrasy arkaly ýerine ýetirilýär. Biz şu sergä islendik şertde hemra aragatnaşygy bilen birikdirmäge mümkinçilik berýän aragatnaşyk enjamymyzy getirdik. Bu enjam arkaly kyn howa we daşky gurşaw şertlerinde 100 Mbit hemra interneti bilen üpjün edip bolýar. Mundan daşary, hojalyk jemgyýetimiz dürli programmalary taýýarlamak, GPS enjamlaryny getirip, düzüp bermek hyzmatlaryny hem hödürleýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews