Ispaniýaly goragçy «Al Nassr» toparynyň oýunçysy boldy

SalamNews

25 Awgust, 2023

Iki gün öň «Portodan» Otawiony transfer eden Saud Arabystanynyň «Al Nassr» topary düzümini güýçlendirmegini dowam edýär. Paýtagtlylar bu gezek «Mançester Sitiniň» ispaniýaly goragçysy Emerik Laporty transfer etdi.  

Portugaliýaly super ýyldyz Kristianu Ronaldunyň çykyş edýän kluby «Al Nassr» toparynyň kassasyndan Emerigiň transferi üçin 30 million ýewro golaý pul çykar. Arap topary 29 ýaşyndaky oýunçy bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşdy. Ol täze klubunda 27-nji belgili köýnekçäni geýer.

Laport geçen möwsüm «Mançester Sitide» 24 oýunda meýdança çykdy. 2018-nji ýylyň ýanwarynda «Mançester Sitiniň» düzümine goşulan Laport ondan öň «Atletik Bilbaoda» oýnaýardy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews