«Ahalyň» goragçysy A.Geldiýew: «Al-Aýnyň» garşysyna geçiriljek duşuşykda futbol meýdanynyň her santimetri üçin göreşmelidiris

SalamNews

3 Oktýabr, 2023

«Ahalyň» AFK-nyň Çempionlar ligasynyň toparçasyndaky BAE-niň «Al-Aýn» topary bilen myhmançylykda geçirjek duşuşygyndan bir gün öň oýnuň öňüsyrasyndaky metbugat maslahaty guraldy. Bu barada türkmen klubunyň metbugat gullugy habar berdi.

«Ahalyň» goragçysy Ata Geldiýew nobatdaky oýundan garaşýan netijeleri hakyndaky pikirlerini paýlaşdy:

 «AFK-nyň Çempionlar ligasynda gowşak topar ýok, klublaryň ählisi hem uly güýje eýelik edýär. Olaryň ählisi hem mynasyp garşylyk görkezip we ýeňiş üçin göreşip biler. «Al-Feýha» bilen geçiren birinji duşuşygymyz munuň aýdyň subutnamasydyr.   

Biz eýýäm AFK-nyň Çempionlar ligasynda çykyş etmekde uly tejribä eýelik edýäris. Şu ýaryşdaky ozalky üstünliklerimizi has-da gowulandyrjakdygymyza umyt edýäris. «Al-Aýn» bilen boljak nobatdaky duşuşyk — biziň futbol meýdanynyň her bir santimetri ugrunda göreşmegimiz, elimizden gelenini iň ýokary derejede orta goýmagymyz üçin nobatdaky çagyryş — diýip, Ata Geldiýew belledi.

AFK-nyň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji duşuşygy şu gün — 3-nji oktýabrda El-Aýn şäheriniň «Hazza Bin Zaýed» stadionynda geçiriler. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 21:00-da başlanar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews