«Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň döwlet kadastryny ýöretmegiň we onuň maglumatlaryny ulanmagyň Tertibi» döwlet belligine alyndy

SalamNews

«Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň döwlet kadastryny ýöretmegiň we onuň maglumatlaryny ulanmagyň Tertibi» 2023-nji ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 1690 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy.

Bu Tertip «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda taýýarlanyp, Türkmenistanyň energetika ministriniň 2023-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda çykaran 17 belgili buýrugy bilen tassyklandy. Bu resminama gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň döwlet kadastrynyň maglumatlar binýadynyň gurluşyna we maglumat mazmunyna bolan talaplary, şeýle-de kadastry ýöretmegiň we onuň maglumatlaryny ulanmagyň tertibini kesgitleýär.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň döwlet kadastry ulgamlaşdyrylan maglumatlar toplumyny öz içine alýar we olar aşakdaky maglumatlardan ybarat:

1) kuwwatlylygy 1 MWt we ýokary bolan gurluşlaryň ýerleşdirilmegi ähtimal bolan meýdançalar hakynda;

2) kuwwatlylygy 100 kWt we ýokary bolan gurluşlaryň hakykat ýüzünde ýerleşdirilen meýdançalary hakynda;

3) Türkmenistanyň administratiw-çäk birlikleriniň çäklerinde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden energiýany öndürijiler hakynda;

4) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň peýdalanylýan görnüşleri hakynda;

5) gurluşlarda ýylyň dowamynda öndürilip bilinjek energiýanyň mümkin bolan iň ýokary möçberi hakynda;

6) gurluşlaryň kuwwatlylygy we olardan ýylyň dowamynda hakykatda goýberilýän elektrik we ýylylyk energiýanyň mukdary hakynda.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň döwlet kadastry aşakdaky maksatlar üçin ýöredilýär:

1) Türkmenistanyň çäginiň energetika mümkinçiligine we Türkmenistanyň administratiw-çäk birlikleriniň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmagyň netijeliligine baha bermek;

2) ilaty (şol sanda ýurduň çetki ýerlerinde ýaşaýanlary) energiýa bilen üpjün etmek üçin gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini hasaba almak;

3) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden we (ýa-da) gurluşlaryň ýerleşdirilmegi ähtimal bolan meýdançalaryndan peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak;

4) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmak ugrunda döwlet we sebitleýin maksatnamalary hem-de çäreleri işläp düzmek;

5) hapalaýjy (zyýanly) maddalaryň we parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň atmosfera howasyna ýetirýän zyýanyny seljermek we olaryň azaldylmagyny çaklamak;

6) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmak boýunça maýa goýumlary çekmek;

7) Türkmenistanyň çägi boýunça gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmak we olardan peýdalanmagyň mümkinçilikleri hakynda maglumat bermek.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews