Geljek ýylda zähmet haklary we döwlet kömek pullary 10 göterim ýokarlandyrylar

SalamNews

2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklary, pensiýalar we döwlet kömek pullary 10 göterim ýokarlandyrylar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmenistanyň Hökümetiniň şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň ýanwaryndan başlap «Türkmenistanda  zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda» Permana gol çekdi.

Resminama laýyklykda, 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberini 1 880 manat; Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çekenleriň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberini 550 manat; pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk ululygy 450 manat; döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin binýatlyk ululygy 430 manat möçberde bellemek göz öňünde tutuldy.

Şeýle hem Türkmenistan boýunça iň pes aýlyk zähmet hakyny 1160 manat möçberde bellemek we ony aýlyk zähmet haklaryny düzgünleşdirmek üçin ulanmak göz öňünde tutuldy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews