2 aýda 1,44 milliard dollarlyk türkmen gazy Hytaýa eksport edildi

SalamNews

Türkmenisan şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda umumy bahasy 1,44 milliard amerikan dollarlyk tebigy gazy Hytaýa eksport etdi. Bu barada orient.tm saýty Hytaýyň Baş gümrük edarasyna salgylanyp habar berýär.

Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden, takmynan, bir ýarym esse ýokarydyr. Turba geçirijiler arkaly Hytaýa tebigy gazy eksport etmek boýunça Russiýa Federasiýasy ikinji ýerde durýar. Geçen iki aýda Russiýa Hytaýa 526 million dollarlyk gazy iberdi.

Hytaý suwuklandyrylan gazy hem iň köp sarp edýän ýurtlaryň biridir. Ýanwar-fewral aýlarynda Awstraliýa 3,57 milliard dollarlyk, Katar bolsa 2,32 milliard amerikan dollarlyk suwuklandyrylan gazy Hytaýa eksport edipdirler.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews