Ýaponiýada Türkmen-ýapon kiçi we orta telekeçileriň işewürler forumy geçirildi

SalamNews

27 Mart, 2024

Şu gün — 27-nji martda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde — ýurduň Daşary söwda işleri guramasynyň binasynda Türkmen-ýapon kiçi we orta telekeçileriň işewürler forumy geçirildi. Bu foruma Türkmen tarapyndan Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy, Türkmenistanyň dokma senagaty ministriniň orunbasary, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, şeýle-de ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we Söwda-senagat edarasynyň agzalary, hususy telekeçiler gatnaşdylar. Foruma ýapon tarapyndan  Ýaponiýanyň Daşary söwda işleri guramasynyň başlygy Norihiko Işiguro, Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça döwlet ministri, jenap Rýosukr Kozuke, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon bilelikdäki komitetiniň ýerine ýetiriji direktory Masumi Hara, Ýaponiýanyň «EKSPO 2025» Bütindünýä sergi Assosiasiýasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Içinoki Manatsu, şeýle-de Ýaponiýanyň birnäçe kompaniýalarynyň we guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. 

Türkmen-ýapon kiçi we orta telekeçileriň işewürler forumyna gatnaşan türkmen tarapyna 30-dan, ýapon tarapyna bolsa 100-den gowrak wekil gatnaşdy. 

Forumyň başynda Ýaponiýanyň Daşary söwda işleri guramasynyň başlygy Norihiko Işiguro, Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça döwlet ministri jenap Rýosukr Kozuke hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon bilelikdäki komitetiniň ýerine ýetiriji direktory Masumi Hara çykyş etdi. Olar öz çykyşlarynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklara ýokary baha berdiler. Dowamly ösýän türkmen bazaryna ýapon kompaniýalarynyň uly gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler. 

Türkmen tarapynyň wekilleri öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyga taýýardygyny nygtadylar. Esasan-da, iki ýurduň arasyndaky haryt dolanşygyny, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Esasy hyzmatdaşlyk ugurlaryny — nebit-gaz we nebithimiýa, himiýa hem-de dokma, azyk senagaty, energetika, oba hojalygy, ulag we logistika, maliýe hem bank pudaklarynyny ösdürmekde, şeýle-de ýapon tehnologiýalary boýunça hyzmatdaşlyk üçin köp mümkinçilikler bar. Türkmen bazarynda iri ýapon kompaniýalarynyň netijeli işleri alyp barýandyklary bellenip, Ýaponiýanyň kiçi we orta telekeçilikde işleýän kompaniýalary hem hyzmatdaşlyga çagyryldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ýaponiýada söwda wekilhanasyny açmak mümkinçiliginiň öwrenilmegi we Türkmenistanda Ýaponiýanyň daşary söwda işleri guramasynyň – JETRO-nyň wekilhanasyny açmak mümkinçiligine seretmek teklip edildi. 

Forumynyň dowamynda türkmen bazary, eksport kuwwaty bilen ýakyndan tanyşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň ykdysady mümkinçilikleri barada wideofilm görkezildi.  

Türkmen tarapy ýörite bölümlerde, ýagny Türkmenistanyň bank we maliýe ulgamy, ulag-logistika, hususy pudagyň alyp barýan işleri boýunça çykyş etdiler. Ýapon tarapy Türkmenistanda amala aşyrylýan giň-gerimli taslamalara maýa goýmak, bilelikdäki kärhanalary döretmek üçin çagyryldy. 

Türkmen-ýapon işewür toparlarynyň arasynda gönüden-göni gatnaşyklary guramakda, işewürlik maslahatlary, sergileri, iş saparlaryny dowamly geçirmek teklip edildi hem-de indiki türkmen-ýapon işewürler forumyny Türkmenistanda geçirmek üçin ýapon tarapy türkmen paýtagtyna çagyryldy. Munuň özi ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ýardam eder, Türkmenistanda amala aşyrylýan taslamalar, senagat zolaklary we kärhanalar bilen tanyşmak, işewürler toparlary bilen duşuşmak üçin mümkinçilikleri döreder.   

Türkmen-ýapon işewürler forumynyň çäklerinde 2025-nji ýylda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek «EKSPO 2025» Bütindünýä sergisinde gurnaljak Türkmenistan Milli pawilýonyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Bu bölümde Ýaponiýanyň «EKSPO 2025» Bütindünýä sergi Assosiasiýasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Içinoki Manatsu çykyş etdi. Ol öz çykyşynda häzirki wagtda «EKSPO 2025» Bütindünýä sergisine taýýarlyk işleriniň güýçli depginde alnyp barylýandygyny aýtdy. Türkmenistanyň milli pawilýonynyň gurluşygynyň hemme düzgünlere we talaplara laýyk gelýändigini we öz wagtynda alnyp barylýadygyny nygtap, türkmen tarapynyň bu çärä örän jogapkärli we işjeň gatnaşýandygyny aýtdy. 2023-nji ýylyň noýabr aýynda türkmen tarapy Türkmenistanyň milli pawilýony üçin bölünip berlen ýer bölegini ilkinji ýurt hökmünde alandygyny we wagtynda gurluşyga başlandygyny aýratyn bellenildi. 

Türkmenistanyň Milli pawilýonynyň resmi potratçysy bolan «Belli» hojalyk jemgyýetiniň direktory öz çykyşynda Türkmenistanyň Milli pawilýonynyň dizaýny-daşky keşbi, gurluşyk işleri bilen tanyşdyrdy. Türkmenistanyň milli pawilýonynyň gurluşygynda ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli materiallar ulanylýar. Mundan başga-da Türkmenistanyň milli pawilýonynda ýapon halkyna we daşary ýurtly myhmanlara Türkmenistanyň milli medeni baýlyklary, ahalteke atlary, milli el halylary, öndürilýän önümler, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk ýyllarynda ýetilen sepgitleri görkeziler hem-de türkmen milli naharlary, sowgatyk önümler hödürlener.

Forumyň ahyrynda Ýaponiýanyň Daşary Söwda işleri guramasynyň başlygynyň orunbasary çykyş edip, bu çäräniň ýapon tarapy üçin örän gyzykly we netijeli bolandygyny belledi. 

Türkmen-ýapon kiçi we orta telekeçileriň işewürler forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň hem-de Ýaponiýanyň Daşary söwda işleri guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Forumyň çäklerinde türkmen hem-de ýapon wekilliýetleriň arasynda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

Geçirilen duşuşyklarda ýapon tarapynyň ýolbaşçylaryna Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň apon diline terjime edilen «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ý kitaby sowgat berildi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews