Ýaponiýa «Gran Prisinde» Werstappen ýeňiş gazandy

SalamNews

8 Aprel, 2024

1

Formula 1 boýunça möwsümiň 4-nji ýaryşy Ýaponiýa «Gran Prisi» ýurduň Suzuka şäherinde geçirildi. 53 aýlawdan ybarat bolan ýaryşa «Red Bull» toparynyň niderland sürüjisi Maks Werstappen ilkinji hatardan başlady. Ol ýaryşy başlaýşy ýaly, 1-nji orunda tamamlady. Soňky 3 ýylyň çempiony pellehana 1 sagat 54 minut 23,566 sekuntda gelip, möwsümdäki 3-nji, karýerasyndaky 57-nji ýeňşini gazandy. Ýaryşda Werstappeniň topardaşy, meksikaly Serhio Peres ýeňijiden 12,536 sekunt yza galyp, 2-nji orna mynasyp boldy. 3-nji ýeri «Ferrari» toparynyň ispan sürüjisi Karlos Saýns Junior eýeläp, ol ýeňijiden 20,866 sekuntdan soň pellehana geldi. 4-nji orny «Ferrari» toparynyň beýleki piloty monakoly Şarl Lekler eýeledi.

Geçirilen 4-nji ýaryşdan soň Werstappen utugyny 77-ä ýetirip, sanawdaky 1-nji basgançakdaky ornuny saklap gelýär. Peresiň 77, Lekleriň 59, Saýnsyň 55, bu ýaryşda 5-nji ýeri eýelän «McLaren» toparynyň britan sürüjisi Lando Norrisiň 37 utugy bar.

F1-de möwsümiň 5-nji ýaryşy 21-nji aprelde Hytaýyň Şanhaý şäherinde geçiriler.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews