«Windows 11-iň» iň uly täzelenmesi hemmeler üçin elýeterli boldy

SalamNews

27 Oktýabr, 2023

«Microsoft» kompaniýasy 2023-nji ýylyň sentýabrynyň ahyrky günlerinde «Moment 4» ady bilen meşhur bolan «Windows 11 23H2» köpçülikleýin täzeleniş ulgamyny hödürledi. Köpçülik bolsa ony birbada kabul edip bilmedi we täze operasion ulgam haýal ýaýrady. Indi bolsa ulanyjylar operasion ulgamyň kömegi bilen islendik ýerde «Windows 11-iň» iň uly täzelenmesini ýükläp bilerler.

Ýeri gelende ýatlasak, «Windows 11-iň» ilkinji nusgasynyň diňe 2018-nji ýyldan soňky kompýuterler üçin elýeterlidigi habar berlipdi. Onuň täze nusgasynda bolsa bu ugurdaky mümkinçilik has kämilleşdirildi.        

«Windows 11 Moment 4» howpsuz bolmadyk goşmaça meýilnamalaşdyrylan täzelenme bilen hem elýeterlidir. Täzelenme häzirki wagtda islege görä el bilen gurulýar we wagtyň geçmegi bilen hökmany bolar. Bu 2023-nji ýylyň noýabrynda her aýlyk adata görä «sişenbe boýunça täzelenmäniň» (Patch Tuesday) çykmagy bilen utgaşar.  

«KB5031455» täzelenişi (22621.2506 ýygymy) Windows täzelenmesi (Windows täzeleniş merkezi) arkaly paýlanýar.  

Gurnamadan soň täzeden işläp başlan ulgamda arhiw formatlaryny goldamak, meseleler panelini gowulandyrmak, «Windows Backup» programmasy, «Copilot» kömekçisi we beýleki köp üýtgeşmeler bolar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews