Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda dolanyşygy 541 million dollardan geçdi

SalamNews

20 Maý, 2023

Türkmenistan bilen Türkiýäniň özara söwda dolanyşygy 2023-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda 541,05 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu görkeziji 2022-nji ýylyň ilkinji üç aýy bilen bilen deňeşdirilende 27,4 göterim ýokarydyr (424,67 million ABŞ dollary). Bu barada «Trend» agentligi habar berdi.

Habarda bellenişi ýaly, hasabat döwründe Türkmenistan Türkiýä 306,06 million ABŞ dollaryna barabar bolan önüm eksport etdi. Bu bolsa 2022-nji ýylyň ýanwar-mart aýlary bilen deňeşdirilende 34,6 göterim köpdür (227,4 million ABŞ dollary).

Şeýle-de, 2023-nji ýylyň ilkinji üç aýynda Türkmenistan umumy möçberi 243,99 million ABŞ dollaryna golaý bolan türk harytlaryny import etdi we bu görkeziji 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 19,1 göterim artdy (197,27 million ABŞ dollary).

Türkmenistan bilen Türkiýäniň özara söwda dolanyşygy 2022-nji ýylda 2,06 milliard ABŞ dollaryndan geçdi. Bu görkeziji 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 21,9 göterim ýokarydyr.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews