Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky özara söwda 5 aýda 278 million dollara deň boldy

SalamNews

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohin «TASS» habarlar agentliginiň habarçysy bilen iki ýurduň özara ykdysady hyzmatdaşlygy barada söhbetdeş boldy. Onda mälim edilişine görä, geçen ýyl Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky söwda dolanyşygy 865 million dollara deň boldy. Şu ýylyň 5 aýyndaky görkeziji 278 million dollara ýetirilip, geçen ýylyň degişli döwründäkiden 18 göterim ösüş gazanyldy.

Ilçiniň bellemegine görä, iki ýurduň özara söwda gatnaşyklary yzygiderli ösüşe eýedir. Geçen 5 aýda Russiýanyň Türkmenistana eksporty geçen ýyldakydan 10 göterim ýokarlanyp, 197 million dollara deň boldy. Degişli döwürde Türkmenistanyň Russiýa eksporty hem ep-esli ýokarlanypdyr. Ýanwar — maý aýlarynda Türkmenistanyň Russiýa eksporty 27 göterim ýokarlanyp, umumylykda 81 million dollara deň boldy.

Ilçiniň mälim etmegine görä, özara döwletara hasaplaşyklary milli pullarda amala aşyrmak barha uly ähmiýete eýe bolýar. Bu ugurda Türkmenistanyň we Russiýanyň maliýe, ykdysadyýet edaralarynyň arasynda işler alnyp barylýar.

Russiýanyň birnäçe iri kompaniýalary Türkmenistanda işleri alyp barýar. Olardan «Kamaz», «Wozroždeniýe» we «Tatneft» kompaniýalary ýurtda uly taslamalary durmuşa geçirýärler. «Kamaz» awtomobil zawody Türkmenistana ýük ulaglaryny esasy eksport ediji bolup durýar. Kompaniýa bilen Türkmenistanyň arasynda iň soňky gezek 2 müň sany ýük ulagyny satyn almak barada şertnama baglaşyldy.

Tebigy gazyň eksporty barada aýdylanda, «Gazprom» geçen ýyl Türkmenistandan 10 milliard kub metr möçberdäki gazy satyn aldy. Ilçiniň bellemegine görä, bu ugurdaky görkezijiler şu ýylda pes bolup biler.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews