«Jon Uik 4-iň» ilkinji görkezilişi boldy

SalamNews

25 Mart, 2023

23-nji martda «Jon Uik» filminiň 4-nji bölüminiň ilkinji görkezilişi boldy. Onda meşhur artist Kianu Riwz öňki bölümlerde bolşy ýaly, baş gahrymanyň keşbini ýerine ýetirdi.

«Jon Uik 4» — ar alyjy Jon Uik baradaky öňki kinoserialyň dowamydyr. «Lionsgate» studiýasynyň önümi bolan filmiň režissýory Çad Stahelskidir. Mälim bolşy ýaly, ol öňki bölümlerde-de režissýorlyk etdi.

Täze filmiň ozalky bölümlerden tapawudy, onuň uzak dowam edýänligindedir. Onuň dowamlylygy 169 minut, ýagny 3 sagada golaý. «Jon Uik 4» filmi, kino žanrlarynyň ählisini özünde jemleýär diýsegem bolar. Filmde duýgy ýok diýen ýaly, onda söweş hereketleri agdyklyk edýär. Filmdäki wakalar juda täsirli we gürrüň berilýän tema akgynly beýan edilýär. Filmiň soňunyň gowy wakalar bilen tamamlanýandygyny bellemelidiris.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews