Dostluk festiwalynyň ikinji güni

SalamNews

18 Noýabr, 2022

Şu gün — 17-nji noýabrda Daşoguz welaýatynda geçirilýän Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalynyň ikinji güni hem täsirli wakalara baý boldy.  

Irden welaýat kitaphanasynda iki ýurduň ýazyjy-şahyrlarynyň arasynda döredijilik duşuşygy boldy. Onuň barşynda türkmen we özbek ýazyjy-şahyrlary özara pikir alyşdylar, şygyr okadylar.

Şeýle-de şu gün Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň «Altyn ýol» geňeşliginiň oba medeniýet öýünde iki goňşy ýurduň kino işgärleriniň döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu ýerde görkezilen türkmen we özbek kinofilmleri tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews