Türkmenistanyň we Gruziýanyň ylmy hem döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi

SalamNews

12 Maý, 2024

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynda Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysyny gruzin dilinde neşir etmek meselesi boýunça onlaýn duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga gatnaşan türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň müdiri D.Orazsahedow ýolbaşçylyk etdi. Gruzin tarapyna bolsa Gruziýanyň Ýazyjylar bileleşiginiň başlygy Makwala Gonaşwili, Gruziýanyň ýazyjylarynyň, suratkeşleriniň we jemgyýetçilik işgärleriniň «Gulani» halkara akademiýasynyň prezidenti Naira Marşaniýa, şeýle hem terjimeçileriň altyn gaznasynyň ýolbaşçysy Şorena Boçorişwili wekilçilik etdi.

Duşuşykda taraplar birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde medeni we ynsanperwer ugurlaryň möhüm ornuna ünsi çekdiler.

Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysyny neşir etmek meselesi barada gürrüň gozgalanda, D.Orazsahedow beýik şahyryň eserlerini gruzin diline terjime eden M.Gonaşwilä minnetdarlyk bildirdi. Neşiriň gruzin okyjylarynyň beýik şahyryň döredijiligi bilen tanyşmagyna, türkmen halkynyň baý medeniýetini öwrenmegine kömek etjekdigini, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaralaryna ýene-de bir gymmatly goşant boljakdygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we Gruziýanyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlygyň ýurtlaryň we iki halklaryň arasyndaky dostlugy we özara düşünişmegi has-da güýçlendirjekdigine ynam bildirdiler.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews