Bütindünýä söweş sungaty oýunlarynyň kümüş medallary türkmen pälwanlarynyň boýuny bezedi

SalamNews

31 Oktýabr, 2023

Türkmenistanyň guşakly göreş boýunça ýygyndy topary Er-Riýad şäherinde (Saud Arabystany Patyşalygy) geçirilen  Bütindünýä söweş sungaty oýunlarynda uly üstünlige eýe boldy. Biz şol ýerde bolan Türkmenistanyň wekiliýetiniň 7 türgenden, 2 tälimçiden, ýörite wekilden we topar ýolbaşçysyndan ybaratdygyny ozal habar beripdik.

Bütindünýä söweş sungaty oýunlarynyň guşakly göreş ýaryşyna 25 dowletden 200-den gowrak türgen gatnaşdy.

Ildeşlerimiziň netijeleriniň ählisi guşakly göreşiň alyş göreş usuly boýunça gazanyldy. Türkmenistanyň guşakly göreş boýunça milli ýygyndy toparyna wekilçilik edýän Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 7-nji sport mekdebiniň tälimçisi Jemal Owlýakulyýewa 65 kilogram agramda güýjüni synady. Ildeşimiz Oýunlaryň kümüş medalyna eýe boldy.

Türkmenistanyň Guşakly göreş  görnüşleri federasiýasynyň türgeni Rozymyrat Medow 80 kg agram derejesindäki bäsleşige çykyp, kümüş medala medala mynasyp boldy.

Türkmenistanyň Guşakly göreş görnüşleri federasiýasynyň türgeni Arslan Hojamberdiýew bolsa 90 kg agramdaky bäsleşikde hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykmagy başardy.

Şeýlelikde, türkmen pälwanlary Bütindünýä söweş sungaty oýunlarynyň 3 kümüş medalyny gazandylar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews