NBA-da täze bäsleşik

SalamNews

20 Iyul, 2023

Amerikanyň Milli basketbol ligasy NBA-da täze bäsleşik guralar.

Ligadaky 30 klub çempionlyk bilen bir hatarda, ilkinji gezek kubok ýaryşy üçin hem göreşer. 5 topardan ybarat 6 toparçada klublar çärýek finala çykmak üçin 4 duşuşyk geçirerler. Toparçadaky duşuşyklar 3—28-nji noýabr aralygynda, çärýek final oýunlary-da 4-5-nji dekabrda geçiriler. 7—9-njy dekabrda Las Wegas şäherinde «Final Four» duşuşyklary oýnalar. NBA-nyň klublary ilkinji gezek «Final Four» tejribesini başdan geçirerler.

Täze döredilen bäsleşik bolan klublaryň adaty möwsümdäki duşuşyklarynyň sany 82-den 86-a çykar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews