BSGG Türkmenistanda gyssagly lukmançylyk toparyny döretmäge ýardam eder

SalamNews

20 Oktýabr, 2023

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) bilermenlerinden ybarat bolan tehniki-maslahat beriş topary gyssagly lukmançylygyň çygrynda milli mümkinçilikleri güýçlendirmek işi boýunça Türkmenistana geldi.

Bu işiň baş maksady Türkmenistanda gyssagly lukmançylyk boýunça milli hereketiň mümkinçiliklerini güýçlendirmekden, bu ugurda konsultatiw-tehniki ýardam bermekden, milli utgaşdyryjyny bellemekden, wezipeleri we jogapkärçilikleri kesgitlemekden, Türkmenistanda şu babatdaky işiň häzirki ýagdaýyna syn bermekden, şeýle-de bilelikdäki çäreleri seljermekden ybaratdyr.  

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews