Oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen bagly iş maslahatyny geçirildi

SalamNews

12-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy.

Iş maslahatynyň dowamynda häkimler welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler. Bellenişi ýaly, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda galla oragy möwsümi guramaçylykly dowam edýär. Şunda kombaýnlar, awtoulaglar we galla kabul ediş bölümleri bökdençsiz işledilýär. Orakdan boşan meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Şu ýylyň hasyly üçin welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýazlyk ýeralma, beýleki gök-bakja önümleri bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek boýunça ozal beren tabşyryklaryny berjaý etmek maksady bilen, häzirki wagtda ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler geçirilýär.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda dowam edýän oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlarda gallaçy daýhanlarymyz tarapyndan ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler dowam etdirilýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işlerini öz wagtynda geçirmek, ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak, sürümde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek ugrunda zerur çäreler görülýär. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylda ýurdumyzda gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirmek hakyndaky degişli Kararyna laýyklykda, pagtaçy daýhanlarymyz tarapyndan gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar.

Bu işler bilen bir hatarda, ýazlyk ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinlerine agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, irki ýetişen hasyly ýygnap almak we ilatymyza ýetirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle-de wise-premýer Daşoguz welaýatynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň, Lebap welaýatynda şaly ekişiniň dowam edýändigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda örän jogapkärli we möhüm möwsümiň dowam edýändigine ünsi çekdi hem-de galla oragynyň depginleriniň güýçlendirilmegini, orak möwsümine gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işledilmegini, orakdan boşan meýdanlarda sürüm işleriniň öz wagtynda we talabalaýyk geçirilmegini, gowaça ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews