Fransiýada baget ysly poçta markasy döredildi

SalamNews

31 Maý, 2024

Fransuz poçta bölümi baget ysly markasyny çykardy. Şeýlelik bilen, ýurt meşhur fransuz hünärine hormat goýmak kararyna geldi.

Markada fransuz baýdagynyň reňklerinde lenta bilen baglanan baget şekillendirilýär. Baget çöreginiň ysyny almak üçin möhüri sürtmeli.

Fransiýanyň poçtasy şeýle markalaryň 594 müň sanysyny çap etdi. Olaryň her biriniň bahasy 1,96 ýewro deňdir.

Ýatlap geçsek, 2022-nji ýylda baget ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews