Mekan köşgünde täze Kararnama bagyşlanan maslahat geçirildi

SalamNews

Şu gün — 4-nji martda Aşgabat şäher häkimliginiň Mekan köşgünde «Türkmenistan — BMG: hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesi — sebitde parahatçylygy, ynanyşmagy, howpsuzlygy pugtalandyrmak ugrunda» atly maslahat geçirildi. Ol BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 60-njy umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegine bagyşlandy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiniň, Daşary işler ministrliginiň, ýurdumyzda hereket edýän daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ylym, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda guralan maslahatda döwletimiziň daşary syýasatynda gazanylýan üstünlikler, Birleşen Milletler Guramasy bilen ählumumy ösüşiň täze ugurlaryny hem-de derwaýys meselelerini öz içine alýan köpýyllyk hyzmatdaşlykda toplanan tejribeler hakynda giňişleýin gürrüň edildi.

Ýeri gelende bellesek, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi 2007-nji ýylyň 10-njy dekabryndan bäri Aşgabatda hereket edýär. Onuň işi sebitiň ýurtlarynyň netijeli syýasy gatnaşyklaryny has-da işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Sebit merkezi goňşy döwletleriň hem-de Howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň goldamagynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň çözgüdine laýyklykda tassyklanyldy. Geçen 15 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda merkez özüni häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň köpüsini çözmekde BMG-niň ulgamyny Merkezi Aziýa ýurtlary bilen baglanyşdyrýan netijeli binýat hökmünde görkezdi.

«Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnama Baş Assambleýanyň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda bu ugurda kabul eden resminamalarynyň üçünjisidir. Mundan ozal hut şeýle at bilen 2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda we 2021-nji ýylyň 16-njy aprelinde hem Kararnamalaryň ikisi kabul edilipdi.

Maslahat ýurdumyzyň meşhur sungat ussatlary tarapyndan taýýarlanan aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews