Halklaryň hoşniýetli gatnaşyklarynyň nyşany: Türkmen halkynyň Milli Lideriniň agtyklaryna HHR-iň Başlygynyň maşgalasyndan sowgatlar gelip gowuşdy

SalamNews

17-nji maýda paýtagtymyzda «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly maslahat geçirilipdi. Oňa türk men halkynyň Mill i Lideriniň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa hem-de Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary Şen Ýueýueniň ýolbaşçylygyndaky hytaý wekiliýeti gatnaşypdy. Şol duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň agtyjagy Aýjeren geçen ýyl atasy bilen Hytaýda bolan pursatlarynda özüne sowgat berlen panda gurjagynyň şekilini keşdä geçirendigini aýdyp, myhmandan şol taýýarlan işini HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň maşgalasyna gowşuryp bermegini haýyş edipdi. Golaýda bolsa Milli Liderimiziň maşgalasyna hytaý Lideriniň maşgalasy hanym Pen Liýuanyň adyndan hat gelip gowuşdy. Ol hatynda Aýjereniň iberen sowgadyny kabul edendigini, panda gurjagynyň şekili çekilen keşdäniň özünde ýakymly täsirleri döredendigini mälim edýär. Ogulgerek Berdimuhamedowanyň ussat halyçy hökmünde türkmen milli amaly-haşam sungatynyň goralyp saklanmagyna we baýlaşdyrylmagyna goşýan goşandyna ýokary baha berýär. Hormatly Arkadagymyzyň agtygynyň köp zähmeti, sabyrlylygy talap edýän şeýle işi ýerine ýetirmegi başarmagy türkmen halkynyň gadymdan gelýän ýörelgeleriniň mynasyp derejede nesilden-nesle geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. HHR-iň Başlygynyň maşgalasynyň hem, öz gezeginde, Milli Liderimiziň agtyklaryna sowgatlary ibermegini bolsa iki halkyň gatnaşyklarynyň dostlukly, hoşniýetli häsiýete eýediginiň ýene bir anyk mysaly hökmünde kabul etmek bolar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Şolaryň arasynda ussatlyk bilen sünnälenen el işleri — ýüpek gurjajyklar we gül çemenleri, ýüň keçeden taýýarlanan suratlar, şeýlede ýumşak panda gurjaklary bar. «Asman astyndaky ýurtdan» iberilen bu sowgatlaryň ählisi hytaý halkynyň medeni mirasynyň köpöwüşginliligini aýdyň şöhlelendirýär. Meşhur Pekin operasyny ýerine ýetirýän zenan şekiljikleri ýüpekden ýasalyp, olarda bu sungatyň ussatlarynyň aýdym aýdýan pursatlary täsirli «janlandyrylýar». Sebetlerdäki gül çemenleri al-elwan güllerden boglan nepis el işleri hem, ýüň keçelerden taýýarlanan surat eserleri milli nagyşlar bilen bezelipdir. Ýumşak panda gurjaklary hem Milli Liderimiziň agtyjagy Aýjerene Hytaýda sowgat berlen panda gurjagynyň üstüni ýetirer. Mälim bolşy ýaly, uly pandalar diňe bir Gyzyl kitaba girizilen seýrek jandar bolman, eýsem, Hytaýyň milli nyşanydyr hem. Pandalar hoşmeýilliligi, sabyrlylygy, açyk göwünliligi, parahat ýaşaýşa ymtylyşy alamatlandyrýar. Olar türkmen halkynda hem iň asylly häsiýetler hasaplanyp, dünýä döwletleri bilen ýola goýulýan dostlukly gatnaşyklarymyzda-da ileri tutulýar. Hytaý Lideriniň maşgalasyndan gelip gowşan sowgatlyklary synlanyňda, olaryň türkmen zenanlarynyň döredýän sünnä el işleri bilen ýakynlygynyň, özara baglanyşygynyň bardygyny duýmak bolýar. Çünki türkmen halyçylyk we keşdeçilik sungaty hem halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup, halylaryň göllerinde, keşde nagyşlarynda, olaryň reňkleriniň ajaýyp sazlaşygynda ata-babalarymyzyň şöhratly taryhy, gahrymançylykly ýoly, ruhy gymmatlyklary, zenan dünýäsiniň näzikligi şöhlelenip, halkymyzyň özboluşlylygy janlanýar. Şu babatda geçen ýylyň oktýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň Hytaýda saparda bolmagynyň çäginde guralan sergide Milli Liderimiziň agtyjagy Aýjereniň alaja örmegiň usulyny ussatlyk bilen görkezendigini hem ýatlatmak isleýäris. Şonda hytaýly wekiller ýaş türkmen gyzjagazynyň alaja örüşini uly gyzyklanma hem-de haýran galmak bilen synlapdylar. Häzirki döwürde gadymdan gelýän maddy we ruhy gymmatlyklaryň goralyp saklanylmagy halklary parahatçylygyň, dostlugyň hatyrasyna ýakynlaşdyrmak, medeniýetleri özara baýlaşdyrmak, ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews