Wilnýus 2025-nji ýylyň Ýaşyl paýtagty boldy

SalamNews

24 Oktýabr, 2023

Wilnýus 2025-nji ýyl üçin Ýewropanyň Ýaşyl paýtagty diýen derejäniň eýesi boldy.

Litwanyň şäheri ekologiýanyň ösüşine, şol sanda ýerleriň ulanylşyna hem-de biodürliligiň goralyp saklanmagyna aýratyn gatnaşdy.  

Mysal üçin Wilnýusdaky ýylylygyň 40 % bölegi eýýäm galyndylardan öndürilýär, köne şäherde awtoulaglar az we pyýadalar kän. Baş maksat bolsa 2030-njy ýyla çenli howa şertleriniň bitaraplygyny gazanmak.

Ýerli häkimlik şäheriň 61 % ösümlikler bilen örtülendigini habar berýär. Bu ýerde agaçlary hem-de gyrymsy agaçlary wagtynda suwarmak maksady bilen akylly datçikleri ornaşdyrmak hakynda karara gelindi.  

Mundan başga-da, bu ýerde ösümlik we haýwanat dünýäsiniň merkezine öwrülmegine garaşylýan taşlanan reformatorlar bagy dikeldildi. Şeýle-de geljek birnäçe ýylyň dowamynda bu şäherde 100 müň agajyň, 10 million gyrymsy agajyň, galyberse-de, 300 müň üzümiň oturdylmagyna garaşylýar. Bu başlangyç «Ýaşyl tolkun» diýen ada eýe boldy.  

Wilnýuslylaryň «ýaşyl» başlangyçlara işjeň gatnaşyp bilmegi üçin bolsa häkimlik tarapyndan ýörite mobil goşundysy işlenip taýýarlanyldy. Munuň özi ýaşaýjylaryň bu işe rahat gatnaşmagy üçin amala aşyryldy.

Dalaşgär şäherleriň ählisine halkara eminler topary tarapyndan 7 ugur — howanyň we suwuň hili, galyndylary dolandyrmak, biodürliligi goldamak, şäher transportynyň ekologiki taýdan ösüşi, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça baha berildi.

Ýeňijiniň yglan edilmegi mynasybetli onlaýn tertibinde guralan dabara ozalky Ýaşyl paýtagtda — Tallinde geçirildi.

Geljek ýyl bu dereje Walensiýa (Ispaniýa) şäherine berler.

Bu dabarada Ýewropanyň Ýaşyl paýtagtyndan başga-da, «Ýewropanyň ýaşyl ýapragy» diýen derejä eýe bolan şäher hem yglan edildi. Ýewropanyň Ýaşyl paýtagty diýen baýrak bilen birmeňzeş talaplaryň esasynda berilýän bu derejä eýe bolmak üçin ilaty 50 müň adamdan geçmeýän şäherler dalaşgärlik edip bilýärler.   

Ýakyn geljek ýyllarda bu ada Wiladekans (Ispaniýa) hem-de Trewizo (Italiýa) şäherleri eýe bolar.

2010-njy ýyldan bäri «Ýewropanyň Ýaşyl paýtagty» hem-de «Ýewropanyň ýaşyl ýapragy» baýraklarynyň ikisini-de Ýewrokomissiýa berýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews