Ýaponiýada meşhur Hatiko itiniň dünýä inmeginiň 100 ýyllygy bellendi

SalamNews

11 Noýabr, 2023

Ýaponiýada meşhur Hatiko itiniň dünýä inmeginiň 100 ýyllygy bellenip geçildi.

Ol eýesi professor Hidesaburo Uenony her gün işe ugradýar we işden gaýdyp gelmegine garaşýar. 1925-nji ýylda professor insult sebäpli iş ýerinde ýogalýar we öýüne gaýdyp gelmeýär. Ýöne Hatiko 9 ýyllap her gün Şibuýa stansiýasyna gelip eýesiniň gelerine umyt edip garaşýar.

Ýaponlar itiň wepadarlygyna haýran galyp, onuň üçin ýörite heýkel gurdular. Hatiko 1934-nji ýylyň aprelinde Şibuýada öz heýkeliniň açylyş dabarasyna gatnaşýar. Ikinji jahan urşy döwründe ýadygärlik aýryldy, ýöne 1948-nji ýylda heýkel gaýtadan dikeldildi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews