Raşid Meredowyň wezipesini wagtlaýyn W.Hajiýew ýerine ýetirer

SalamNews

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Öwezgeldiýewiç Meredowyň her ýylky esasy rugsady döwründe onuň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetirmek daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Segsengeldiýewiç Hajiýewiň üstüne ýüklendi.

1-nji maýda geçirilen sanly ulgam arkaly iş maslahatynyň dowamynda wise-premýeriň haýyşyny göz öňünde tutup, Prezident Serdar Berdimuhamedow bu baradaky degişli Karara gol çekdi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews